HALKYŇ RUHY GALKYNYŞYNYŇ BEÝANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, anyk mümkinçiliklere daýanýan dünýäde ykrar edilen ynsanperwer döwlet syýasaty arkaly ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň turuwbaşdan yglan eden “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bile döwletdir!” diýen adyl hem-de ynsanperwer taglymatyna esaslanýan şol ösüşler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem sazlaşykly dowam etdirilýär. Bu taglymat Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň dowamy bolmak bilen, täze taryhy döwrümiziň ideologiýasynyň esasyny düzýär. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öz ähli gujur-gaýratyny, tebigy ukyp-başarnygyny, ylym-bilimini, baý iş hem-de durmuş tejribelerini berkarar Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bolelin, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirýändiginiň buýsançly subutnamasydyr.

Biziň gündelik durmuşymyz maglumatlardyr habarlar bilen bagly bolansoň  internet sahypalary bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Şu çaka çenli plan ýurtda bir şäher açylypdyr, içinde-de durmuş maksatly binalaryň ählisi bar, halk üçin örän ummasyz ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr, ekologiýa talaplary bozulman bina edilipdir, özem “akylly” şäher gurluşyny özünde jemleýär, iň esasy binagärliginde özboluşly milliligi döwrebap şöhlelendirilipdir diýip, hiç eşidip görmändik. Ýöne biz şeýle şäheri gurup bolýandygyna göz ýetirdik. Gojaman Köpetdagyň eteginde dörän Arkadag şäheri müňlerçe adamyň gursagynda bagt çyragyny ýakdy.

Ilki bilen, Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli alym  Arkadagymyzyň ählimize toý sowgady hökmünde ýazyp tamamlan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň çapdan çykandygyny buýsanç bilen bellemek isleýäris. Kitapda ýöredilýän pikir-garaýyşlar bilen döredijiligiň täsin hem täsirli syrlaryny açyp görkezýän ajaýyp eser täze bir joşguny döretdi. Döredijilik ummanynda ylham gämisini kürekläp goýberdi. Şol toýly günlerde ýene bir eser — “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly täze kitap neşir edildi. Bu eser giň halk köpçüliginiň ünsüni özüne çekip, kämil megapolis hakyndaky maglumatlar toplumyny özünde jemleýär. Has dogrusy, wakalary altyn sahypalar bilen bezeýär. Kitabyň içindäki suratlar diýjekmi ýa-da sanlardan doly maglumatlarmy, bularyň ählisi Arkadag şäherinden has uzaklarda bolsaňam, onuň bilen gaýybana tanyşmak üçin seni uly bir dünýäniň içine syýahata alyp gidýär.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, golaýda Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebinde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” we “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly täze eserleriň mazmunyny ýaşlara ýetirmek maksady bilen täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň jemgyýetiň aňyýetine oňyn täsir etmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler. Onda milletimiziň şöhratly taryhy, mirasy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň şöhratly ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistanyň Hlak Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Onda ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda söz açylýar we taryhyň, şu günüň, geljegiň özara baglanyşygy barada çuňňur oýlanmalar beýan edilýär diýip belläp geçdiler. Şeýle hem, “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly  kitapda bu ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygynyň çeper beýan edilýändigi hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitabyň üç dilde taýýarlanylmagy onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýär. Ol okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz tarapyndan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul edilip, şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.Arkadag şäherindäki desgalaryň özboluşly aýratynlyklary, ýaşyl zolaklaryň innowasion mazmuny, “akylly” şäher konsepsiýasynyň, sanly we elektron tehnologiýalaryň ulanylmagy häzirki zaman şäher gurluşyk tejribesiniň naýbaşy derejesini özünde jemleýär diýip nygtadylar. Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp eserleriň höwrüniň köp bolmagy arzuw edilip, şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, we onuň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Sapaýewa ANANÝAZ,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR