Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda hem döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini nazara alýan türkmen döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegi bilen, berkarar Watanymyz öz ösüşinde belent sepgitlere ýetdi. Hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty yzygiderli durmuşa geçirip, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dolandyryş çözgütleriniň ähmiýeti uludyr.
Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyny zähmet üstünlikleri bilen garşy alynmalydygyny belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň, iş ýerlerini döretmegiň halkymyzyň hal ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy üçin beýleki şertleri üpjün etmegiň, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermegiň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň birdigini aýtdy. Bu taryhy mejlisde «Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlarynyň kabul edilmeginiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň döredilmeginiň ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynyň syýasy hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek.
Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda, ýagny 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdirilen çözgütleri kabul eder.
Gahryman Arkadagymyzyň «Halk maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uly bolmalydyr» diýip belleýşi ýaly, döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň rowaçlygyň berk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhyny, alyp barýan işleriniň köpugurlydygyny, onuň syýasy jemgyýetçiliki ähmiýetini wagyz etmek boýunça ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmek, biz jemgyýetçilik guramalarynyň mukaddes borjudyr.
Türkmen halkyny ýagty geljege sary alyp barýan |Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.