Türkmen tahýasy medeni gymmatlyklarymyzyň biri bolup, ol milli başgaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil sungat. Başyň täjine deňelýän tahýalaryň täsin nagyşlarynyň mazmunyna ynsanyň iň päk arzuw-hyýallary, gadymy ynançlary siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary jemlenendir. Türkmen tahýasy barada Balkan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülşirin Meredowa şeýle gürrüň berdi:
Taryhy maglumatlar esasynda tahýa sözi «Takga» sözünden gelip çykypdyr. Tahýalara salynýan nagyşlaryň özboluşly aýratynlyklary bolup, olarda esasanam, oglan tahýalary üçin labyr nagyşly tahýalar ýörgünlidir. Kürt nagşy gyzlar üçin niýetlenen. Mundan başga-da, üzülmez, sarygulpak, egrije, kemje, labyr nagyşlary salynýar. Ene-mamalarymyz bu nagyşlaryň nusgasyny tebigatymyzyň gözelliklerinden alypdyrlar.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gyzlar üçin gül keşdeli tahýalar, oglanlar üçin, akgaýmaly tahýalar has ýörgünlidir. Gül keşdeli tahýanyň gelip çykyşy hakyndaky rowaýatlaryň birinde şeýle beýan edilýär: «Iki sany goç ýigit, Gül diýen gyzy halapdyrlar. Gül bularyň öňünde şert goýupdyr: «Haýsyňyz göreşde ýeňseňiz, men şonuň taýy bolaryn» diýýär. Aşyk ýigitler güýç synanyşýarlar. Güýçleri deň bolansoň, biri-birlerini ýeňip bilmeýärler. Gül diýen gyz bu ýigitlere garaşa-garaşa güle öwrülýär. Oglanlar bolsa söweşe-söweşe, goça öwrülýärler». Şol rowaýat esasynda hem tahýada gül nagşy, akgaýmada goçak nagşy öz ornuny tutýar diýilýär.
Hawa, türkmen tahýalaryň owadanlygy, ajaýyplygy, nepisligi göreni haýrana goýýar. Olar özleriniň nagyş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Eziz halkymyzyň milli buýsanjy bolan tahýalar dürli ýaşdaky adamlaryň başlarynyň bezegidir.
Oguljahan ATAMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat
Etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.