Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda körpe neslimizi döwrebap kemala getirmekde mekdebe çenli edaralaryň gurluşyny, dolandyryşyny özgertmek, berilýän bilim-terbiýäniň mazmunyny çuňlaşdyrmak, okatmagyň täze hem netijeli usullaryndan peýdalanmak öňde goýlan wezipelerdir. Şeýle wezipeleriň çözgüdi dünýä ülňülerine laýyklykda ýurdumyzda halkara bilim tejribelerini öwrenmek, bilimi sanlylaşdyrmak şeýle hem çagalar baglarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanşyklydyr.
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi etrabyň çägindäki 17-nji çagalar bagynyň körpeleriniň arasynda «Watan lälesi» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi, bäsleşikde körpeler özleriniň ukyp-başarnygyny görkezmekde birnäçe şertler boýunça bäsleşdiler. Bu bäsleşik çagalarda dost-doganlygy, şadyýanlygy, Watanymyza söýgini ösdürmekde uly ýardam etdi. Bagtyýar döwrüň we çagalygyň hözirini görüp ýaşaýan körpelerimiziň bu günki gün Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza söýgüsi çäksizdir. Goý, şeýle ajaýyp zamanany türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun!
Oguljahan ATAMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.