KÄMILLIGIŇ AÇARY

Kitap adamzadyň ruhy baýlygydyr. Çünki dünýä akyl ýetirmekde, şöhratly taryhymyzy, medeniýetimizi çuňňur öwrenmekde, geçmiş gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgelerini dowam etdirmekde kitaplaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan halkymyz hem kitaba uly mukaddeslik hökmünde garaýar. Durşy bilen akyl-paýhasa, dürdäne jümlelere eýlenen, kämillige tarap ýol görkezýän kitaplaryň adamlaryň ykbalyna mäkäm ornaşandygyny biz häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki dünýä ylmynyň syrlaryny, täsinlikler gapylaryny biz altyn sahypalaryň üsti bilen açýarys. Hut şu nukdaýnazardan hem ylymyň, bilimiň ösüşine aýratyn orun berilýän döwrümizde kitaphana ulgamynyň ösüşine hem uly ähmiýet berilýär. Biziň döwrebap kitaphanamyzda hem okyjylara hyzmat etmek, olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Kitaphana gelýän okyjylarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine aýratyn gyzyklanma bildirmekleri bizi diýseň begendirýär. Çünki Milli Liderimiziň ýiti zehininden syzylyp çykýan eserleri biziň ählimiz üçin durmuşyň dürli pursatlarynda ynsana dogry ýoly salgy berýän gymmatly gollanmalardyr. Alym Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly, dürdäne setirli eserleriniň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtasym gelýär. Çünki hemmämiziň ýan kitabymyza öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary dünýä akyl ýetirmekde, jemgyýete haýyrly ynsanlary terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaşaýşyň sazlaşygyny döretmekde, Watany söýmekde we goramakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Milli Liderimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň ýene biri elimize gowuşdy. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň halk köpçüligi tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşy alynmagy-da pederlerimiziň durmuş ýoluny öwrenmekde, olary ýörelge edinmekde, belent adamkärçilik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly il oňlaýan asylly häsiýetleriň durmuşymyza ornaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, bu täze neşir Gahryman Arkadagymyzyň durmuşda dogry ýoly tapmak, manyly ömür sürmek, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmak ýaly milli ýol-ýörelgelerimiz barada söz açýan «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň dowamadyr. Milli Liderimiziň hut özüniň durmuş ýoly biz — ýaşlar üçin watançylygyň, merdi-merdanalygyň, il-halky söýmegiň, dost-doganlyga aýratyn gadyr goýmagyň göreldesi bolup durýar. Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň mizemez ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri zähmetsöýerlik hem-de ata Watana çäksiz hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge, bilimli we terbiýeli şahsyýetleri kemala getirmäge uly üns beripdir. Täze taryhy eýýamymyzda bu ýörelgeler Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. Şu jähetden seredeniňde, «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitap ýaş nesiller, şol sanda her bir adam üçin durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmakda gymmatly ýol görkeziji eser bolar.

Bize durşy bilen dana jümlelere ýugrulan, parasatly pikirlere gaplanan şeýle ajaýyp eserleri sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris.

Akjagül ŞAMUHAMMEDOWA,

Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli usulçysy,

 kitaphananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR