ÝAŞ NESIL BARADAKY ALADANYŇ BEÝANY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze neşiriň — «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň elimize gowuşmagy ildeşlerimiziň ählisiniň göwün guşuny belende galdyrdy. Bu buýsançly waka mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynda hem tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara syýasy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim we kitaphana işgärleri, türgenler, lukmanlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Her birimiziň köňlümize ynsanperwerlik nuruny çaýan täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda şöhratly pederlerimizden dowam edip gelýän ynsanperwerlik, birek-birege kömek etmek, hossarsyza howandar çykmak, haýyr-sahawat etmek ýaly sogaply işleriň bagtyýar eýýamymyzda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde mynasyp dowam etdirilýändigi uly buýsanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu asylly ýörelgelerimiziň jemgyýetimizde giň gerime eýe bolmagy biziň ömrümizi, durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Kitapda ýerleşdirilen fotosuratlardan hem görnüşi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň başda durmagy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda hossarsyz we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalarynyň köpsanlysyna bejergi işleri geçirildi. Şeýle-de çykyşlarda gaznanyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen haýyr-sahawat edýänleriň sanynyň köpelýändigi, birek-biregi goldamak ýörelgesi esasynda bolsa türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň has-da jebisleşýändigi uly buýsanç bilen nygtaldy.

Watandaşlarymyz şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýän we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  

Merjen KADYROWA,

Lebap welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR