SPORT — BAGTYÝARLYGA BADALGA

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen sporty hemişelik hemra edinmek we sagdyn durmuş talaplaryna eýermek soňky ýyllarda ilat arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu ugurdaky asylly ýörelgeler we alnyp barylýan işler ýurdumyzyň raýatlaryna saglyk bilen birlikde bagtyýarlyk hem eçilýär. Sport bilen meşgullanmagyň diňe bir ynsan bedenini berkitmekde oňyn ähmiýete eýe bolman, eýsem, bu peýdaly endikleriň ynsanyň zähmet we döredijilik işjeňligini hem ýokarlandyrýandygyny ýatlap geçmek gerek. Hut şonuň üçin hem zähmetsöýer bagtyýar raýatlarymyzyň Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketlerine işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa öz gezeginde jemgyýetde sazlaşykly hereketleriň peýda bolmagyna, ilatyň ruhubelentligini we işe höwesliligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Esasan hem ýaşlarymyzyň sporty özlerine hemişelik hemra edinýändiklerini görmek diýseň ýakymly. Bu gün bu ulgamda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlarymyz öz ussatlyklaryny has-da artdyryp dünýäniň sport äleminde türkmen sportunyň abraýyny belende göterýärler. Biziň Lebap welaýatymyzyň türgenleri hem döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlaryna we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýylsaýyn öz başarnyklaryny has-da kämilleşdirýärler. Ynha, şu günler tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň sport mekdeplerine gatnap, boş wagtlaryny netijeli işlere sarp edýändiklerini görmek diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Welaýat merkezimizde hereket edýän döwrebap sport desgalarynda-da sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Ussat tälimçilerimiz hem kämil türgenleriň kemala gelmeginde öz başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Stadionlarymyzyň futbol, basketbol, woleýbol, tennis meýdançalary bolsa hemişe köp adamly. Esasan hem sportuň boks, erkin we milli göreş, agyr atletika, kik-boks boýunça tälim alýan türgenlerimiziň döwlet derejesindäki ýaryşlarda has üstünlikli çykyş edýändikleri bizi diýseň begendirýär. Geçen aýyň özünde bolsa ýaş küştçilerimiz Gruziýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşyp, üstünlik bilen dolandylar.

Biz hem ýaşlary bu peýdaly we netijeli endiklere köpçülikleýin çekmek maksady bilen welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň türgenleriniň arasynda dürli sport ýaryşlaryny, welaýat birinjiliklerini, açyk çempionatlary yzygiderli guraýarys. Tomus paslynyň gyzgalaňly günlerinde ýetginjekleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis, badminton, küşt we şaşka boýunça şeýle ýaryşlaryň birnäçesini geçirýäris. Bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenleri höweslendiriji baýraklar bilen sylaglaýarys.  

Laçyn AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

 guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR