ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN-DA EZIZ

Bagtyýar geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň akylly-başly, edepli-ekramly, ylymly-bilimli, halkyny, Watanyny söýýän ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanmak hemmämiziň öňümizde duran möhüm meseleleriň biridir. Bu ugurdaky anyk wezipeler biziň hem gündelik işimiziň bir bölegini düzýär. Arkadagly Serdarymyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň öňünde goýýan şeýle jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, biz hem bilim edaralarynda dürli wagyz-nesihat ähmiýetli çäreleriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Golaýda Köýtendag etrabynyň Akgumolam geňeşliginiň oba medeniýet öýünde guralan wagyz-nesihat duşuşygy hem çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge bagyşlandy.

«Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen at bilen geçirilen bu ähmiýetli çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar, polisiýa işgärleri, lukmanlar, arçynlar, ene-atalar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda okuwçylaryň tomusky dynç alşynyň sapaly geçmegini gazanmaga gönükdirilen täsirli çykyşlara giň orun berildi. Wekiller öz çykyşlarynda jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligiň, öýlerde we beýleki ýerlerde elektrik enjamlaryny talabalaýyk ulanmaklygyň, ynsan saglygyna howp salýan hereketlerden daşda durmaklygyň möhümdigini ündediler. Ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmegiň, arassaçylyk kadalaryna eýermegiň, çagalaryň ýaplara suwa düşmekden saklanmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygy dogrusynda ene-atalar bilen düşündiriş işleri geçirildi.

Tursuntaş IRGAŞOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR