GYMMATLY GOLLANMAMYZA ÖWRÜLER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň toýly günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dür paýhasyndan kemala gelip, halkymyza gowşan täze kitabyny uly buýsanç bilen elimize alyp, maňlaýymyza syldyk. Çünki alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» diýen at bilen çapdan çykan bu eseriniň altyn sahypalarynyň her biri paýhaslar ummanyna barabar bolup, ol türkmen jemgyýetiniň ösüşli maksatlaryna nazar aýlamaga, pederlerimiziň şöhratly ýollaryna buýsanmaga, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmelerine guwanmaga giň mümkinçilik açýar. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Döwlet guşy», «Ömrümiň manysy» atly eserleriniň logiki dowamy bolan bu kitabynyň hem nesil terbiýesinde ähmiýetli gollanma öwrüljekdigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki täze kitapda ynsan durmuşyny bezeýän ýagşy gylyk-häsiýetler, il oňlanylýan hereketler, jemgyýete haýyrly ynsan bolup ýetişmek, ýagşy amallaryň bilen öz durmuşyňy bagtyýarlyga öwürmek barada aýratyn söz açylýar. Pederlerimiziň bu ugurdaky durmuş taglymatlary ählisiniň biziň her birimize nusga alarlyk mekdepdigini aýtmak mümkin.

Manyly ömrüni Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, il-günümize hyzmat etmäge bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň sahypalarynda şöhratly taryhymyz, milli özboluşly däp-dessurlarymyz, dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan ata-babalarymyzyň durmuş mekdepleri giňden şöhlelenýär. Ykbaly galkynan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň, giň gerimli döwletli tutumlaryň üstünlikli amal edilendigine, ata-babalarymyzyň we ene-mamalarymyzyň terbiýe mekdepleriniň mynasyp dowam etdirilýändigine aýry-aýry bölümlerde beýan edilýän wakalaryň üsti bilen hem göz ýetirmek bolýar. Dünýä we durmuşa akyl ýetirmekde, ömrüňi manyly işlere sarp etmekde milletimiziň maddy we ruhy gymmatlyklaryny sarpalamakda Milli Liderimiziň hut özi biz ýaşlar üçin uly görelde mekdebi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň durşy bilen akyl-paýhasa, dürdäne pikirlere eýlenen täze eseri hem Watany söýmekde, oňa ak ýürekden gulluk etmekde her bir ynsana ýol görkeziji gollanmadyr. Kitapda milli gymmatlyklarymyz, halkymyzyň geçmiş taryhy, beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýollary barada aýdylanlar bilen tanyşanyňda häzirki zaman ösen türkmen jemgyýetinde şol şöhratly ýollaryň mynasyp dowam etdirilýändigine ýene bir gezek guwanýarsyň. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda halkymyzyň agzybirligine, jebisligine ýokary baha berýär. Çünki ýüreklerinde Watan söýgüsi gaýnap-joşýan halkymyz her bir özgerşi, agzybirlik bilen gazanýar, belent maksatlara jebislikde ýetýär. Bu durmuş hakykaty biziň her birimiziň mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza, bagtyýar zamanamyza guwanjymyzy has hem artdyrýar.

 

Dursultan ROZYKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR