GÖK WE BAKJA EKINLERINIŇ ÝYGYMY GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşleri başdan geçirýär. Çünki hormatly Prezidentimiz bu pudagy ösdürmekde daýhanlarymyzyň öňünde täze talaplary goýdy. Bu wezipeleri amal etmekde bolsa daýhanlarymyz öz tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Ýurdumyzyň ýer, suw mümkinçilikleri, toprak, howa şertleri-de gök, bakja önümleri bilen diňe döwletimizde azyk bolçulygyny üpjün etmän, eýsem, ol önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem giň mümkinçilikleri açýar. Şu talaplardan ugur alyp, ýurdumyzda öndürilýän gök, bakja, miwe önümlerini saklamak we ýylyň islendik paslynda olary halka ter we elýeterli bahadan ýetirmek üçin döwrebap sowadyjy ammarlar gurulýar. Ekerançylygy depginli ösdürmek, gök, miwe we bakja önümleriniň öndüriliş möçberlerini artdyrmak, ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bu günki gün oba hojalyk önüm öndürijileriň öňünde esasy wezipe bolup durýar.

Biziň etrabymyzyň ekerançylary hem azyk bolçulygyny üpjün etmek we ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça çärelere saldamly goşant goşýarlar. Üstünlik oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmek, ýerli howa şertlerine uýgunlaşan ekin görnüşlerini saýlap almak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak arkaly gazanylýar. Şol sanda ekinleriň käbir görnüşlerinden, meselem, ýeralmadan, käşirden we düýp sogandan ýylda iki gezek hasyl alynmagy netijesinde sebitde gök-miwe ekinlerini öndürmegiň möçberi yzygiderli ýokarlanýar.

Ýurdumyzda gök, bakja, miwe önümleriniň öndürilişiniň artmagyna mynasyp goşant goşýan Hojambaz etrabynyň Berkararlyk geňeşliginiň çäginde ýerleşýän daýhan hojalyklarynda şu günler gawun, garpyz beýleki aralyk ekinleriň bol hasyly ýygnalýar. Bu hojalygyň daýhanlary oba hojalyk önümlerini öndürmekde, täze tehnologiýalary, oba hojalyk tejribesini durmuşa ornaşdyrmakda özüniň nusgalyk derejesi bilen etrabymyzda ökdeleriň hatarynda tanalýarlar. Der döküp zähmet çekýän daýhanlarymyza Amyderýanyň bol suwundan ganýan mele topragymyz hem baýlyk baryny eçilip dur. Gawundyr garpyz, üzüm we tomsuň beýleki nygmatlaryndan tonnalap  hasyl alýan kärendeçilerimiziň arasynda ýaşlarymyzyň zähmet çekýändiklerini görmek has ýakymly. Biz hem geňeşimiziň agzybir işgärleri bilen ýygy-ýygydan bu hojalykda zähmet çekýänleriň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini, höweslendiriş çärelerini yzygiderli geçirýäris. Ýaş zähmetkeşleriň armasyny ýetirmek maksady bilen olary sylaglaýarys.

Ene toprakdan bol hasyl alýan edermen daýhanlarymyza işlemek, halal zähmetleri bilen bagtyýar durmuşy berkarar etmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Şöhrat Kadyrow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR