«WATAN MUKADDESDIR» ATLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Watan ogly öz ýurdunyň gülläp ösmegi, galkynmagy üçin jan çekmelidir. Türkmen her näçe kynçylyk görse-de, horluk çekse-de ene sözüne uly hormat goýýar, biz hut enäni söýüşimiz ýaly, Watany söýmelidiris. Watan ezizligini söz bilen beýan etmek mümkin däl. Ata watanymyzyň edermen gerçeklerine merdana milletimiziň parahatsöýüjilikli ynanyşmak syýasatyny, goranyş häsiýetli harby doktrinamyzyň ýörelgelerini we maksatlaryny öwrenmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kitaplary ýol görkeziji we ygtybarly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan harby ulgamda durmuşa geçirilen her bir işler eziz Watanymyzyň abadançylygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilendir. Ýaş esgerleriň harby-watançylyk duýgularynyň ösdürilmegini, agzybirligini, jebisligini gazanmak, olaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryny, watansöýüjiligini, edermenlik ýörelgelerini terbiýelemek, olarda türkmen halkynyň iň oňat häsiýetlerini kemala getirmek Milli goşunda harby tertip-düzgüniň ýokary derejede berjaý edilmegi üçin möhümdir.

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Togrul beg adyndaky 11204 harby bölüminde gulluk edýän harby gullukçylaryň, şeýle-de 2023-nji ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga çagyrylan harby gullukçylaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky wesýetlerini we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndaky öwüt-ündewlerini wagyz etmek maksady bilen «Watan mukaddesdir» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri A.Joraýew, Kerki etrabynyň ýaşulylar geňeşiniň agzasy G.Hanymkulow dagylar çykyş etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR