GÜL WATANYŇ BAGTYÝAR KÖRPELERI

Nurana Watanymyzda, bagtyýar zamanamyzda Diýarymyzyň ähli ýerinde çagalaryň gülki sesleri, şatlyk-şowhuny belentden ýaňlanýar. Çünki röwşen geljegimiz hasaplanýan ýaş nesliň okamaklary, bilim almaklary bilen birlikde, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri we netijeli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Soňky ýyllarda biziň Lebap welaýatymyzda hem döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň, sport toplumlarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. Şadyýan tomsuň dowam edýän günlerinde körpe nesilleriň arasynda dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak biziň hem gündelik işimiziň bir bölegini düzýär. Şu maksat bilen golaýda Çärjew etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Gül Watanyň goýnunda bagtyýar çagalyk» atly aýdym-sazly çäräni guradyk.

Etrap Geňeşimiziň işjeň agzalary bu şadyýan çäräniň dowamynda terbiýeçiler bilen bilelikde çagalaryň arasynda dürli oýunlary, ýaryşlary, bäsleşikleri guradylar. Körpe nesliň wekilleri halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri boýunça sahna eserlerini hem janlandyrdylar. Şadyýan çagalar özleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary, tanslary, dürli dillerdäki ýerine ýetiren goşgulary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda bagtyýar çagalygyň waspy ýetirildi.

 

Tawus MEŇLIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR