KÖÝTENDAG - TÄSINLIKLERE BAÝ

Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, bol suwly deňizdir derýalary bilen adygan güneşli Diýarymyzyň ajaýyp tebigat dünýäsi özünde tebigy täsinlikleriň birnäçesini jemleýär. Türkmen tebigatynyň täsinliklere, gözelliklere baý künjekleriniň biri-de Köýtendagdyr. Gojaman Köýten özboluşly tebigy keşbi, özboluşly dereleri we jülgeleri bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendagyň iň belent nokady Aýrybaba bolup, onuň beýikligi 3138 metre barabardyr. Dereleriň has owadany bolsa 600 metr peslikde ýerleşen Daraýderedir. Şonuň ýaly-da Köýtendagynda ösümlikleriň 989 görnüşi ösüp, şolaryň 10 göterimi diňe şu çäklerde duş gelinýän endemik görnüşlerden ybaratdyr. Bu ýerde dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 200-den gowrak görnüşine duş gelmek mümkin. Olaryň käbir görnüşlerini aýratynlyklary, bejerijilik häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilýär. Köp ýyl ýaşan çynar agaçlary, arnap we Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýlyklary özleriniň gaýtalanmajak gözellikleri bilen meşhurdyr.

Köýtendagyň haýwanat dünýäsine süýdemdirijileriň 40-a golaýy, süýrenijileriň 25, guşlaryň 122, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi bezeýär. Dünýäde «Marhor» ady bilen tanalýan dag goçlary hem Köýtendagyň haýwanat dünýäsiniň özboluşly bezegi hasaplanýar. Bu dag goçlary 3 metre çenli beýiklige we 4,5 metre çenli uzaklyga böküp bilýär. Dag sebitlerinde döwlet, sebit we dünýä ähmiýetli tebigy ýadygärlikleriň hem birnäçesi ýerleşýär. Olaryň hatarynda dünýä meşhur Garlyk karst gowaklar, kükürt-wodorodly melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesi, Köýtendagyň kör ýalaňaç balygynyň ýaşaýan ýerasty kölleri, Çinjir, Kettekiň, Abdere, Bulakdepe ýaly çuň we gözel jülgeler berk goralýar.

Hojaýpil obasynyň golaýyndaky dinozawrlaryň aýak yzlary daga syýahat etmäge gelýänleriň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar. Takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýok bolup giden dinozawrlaryň yzlary saklanyp galan belent tekizlik, «Kyrk gyz» gowagy, Umbar dere şarlawugy, Kelte, Aýgyr, Horjun karst kölleri hem döwlet tarapyndan goralýan çäklere degişlidir. Köýtendagda ululy-kiçili gowaklaryň 60-sy bolup, olaryň 6-sy tebigy ýadygärlik hökmünde ykrar edilendir. «Haşymoýuk», «Gülşirin», «Aralyk», «Gapgotan», «Daşýürek» gowaklary özleriniň ylmy we syýahatçylyk gymmatlyklary boýunça örän ähmiýetlidir. Bu gowaklar millionlarça ýyllaryň dowamynda esasan ýeriň aşakky gatlaklaryndaky ýumşak jynslaryň suwda eremegi sebäpli boşluklaryň döremegi netijesinde döräpdir. Olaryň ählisi hem Garlyk obasynyň gündogarynda Köýtendag gerşiniň demirgazygynda ýerleşýär.

Köýtendagyň dag gerşinde guýularyň birnäçesi bar. Bu guýularyň dury, buz ýaly sowuk suwy tomus paslynyň yssysynda teşneligiňi gandyryp, janyňa şypa berýär. Dagyň gaýtalanmajak gözellikleri, tebigat, haýwanat we ösümlik dünýäsi, tebigy ýadygärlikleri Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri tarapyndan goralýar.

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

 Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR