TÜRGENLER SYLAGLANYLDY

Türkmen sportuny ösdürmek ugrunda döwlet syýasatymyzda alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigine biz her gün şaýat bolýarys. Döwrebap şertlerden peýdalanyp ussat tälimçileriň elinde gün-günden kämilleşýän ýaş türgenlerimiz dünýäniň sport münberinde Ýaşyl Tugumyzy uly buýsanç bilen belende galdyrýarlar. Olaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar bilen yzygiderli sylaglanylyp durulmagy bolsa sporty özlerine hemişelik hemra edinen ýaşlarymyzyň sporta bolan söýgüsini has hem artdyrýar. Ynha, ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginde hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän welaýatymyzyň türgenlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa welaýatyň tälimçileri, sport ussatlary, türgenler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde şu aýyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisiniň ýeňijileri sylaglanyldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň türgenleri ýakynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda medallaryň 11-sine, Özbegistanyň Daşkent şäherinde küşt boýunça mekdep toparlarynyň arasynda geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda bolsa 7 medala mynasyp boldular. Lebap welaýatymyzyň ussat türgenleri-de şol dünýä çempionatyndan iki, Aziýanyň açyk çempionatyndan bolsa bäş medal bilen dolanyp geldiler.

Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen dabarada Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň türgeni Jemal Öwlüýägulyýewa, ýene-de şol çempionatda bürünç medala mynasyp bolan Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Guwanç Hemraýewe, küşt boýunça Aziýanyň açyk çempionatynyň bir kümüş we bir bürünç medalyna mynasyp bolan Dänew etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Lala Şöhradowa, ýene-de şol ýaryşda kümüş medallaryň ikisini gazanan Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Agamyradowa hem-de şol ýaryşdan bir kümüş medal bilen dolanan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülmira Seýilhanowa hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bu ýaş türgenlerimizi ýene-de täze ýeňişlere ruhlandyrmak maksady bilen olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan hem ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdyk. Sowgatlara mynasyp bolan türgenler berkarar Diýarymyzda sport bilen meşgullanmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 97 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 77 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 75 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR