AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGINE BELENT SARPA

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan wagtlaýyn sergi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasy mynasybetli muzeýde «Pyragydan galan miras bize» diýen at bilen maslahat hem geçirildi. Oňa muzeý we kitaphana işgärleri, şahyrlar, syýasy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher geňeşleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijilik dünýäsine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda ýurdumyzda dana şahyrymyzyň döredijiliginiň giňden öwrenilýändigi, 2024-nji ýylyň Türki döwletleriň halkara guramasy tarapyndan «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi, her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giň dabaralara beslenýändigi, gündogaryň beýik akyldaryna belent sarpa goýulýandygy aýdyldy. Şonuň ýaly-da ildeşlerimiz öz çykyşlarynda Magtymgulynyň ýaşaýşyň dürli ugurlaryndan söz açýan şygyrlarynyň dünýä akyl ýetirmekde, durmuş gatnaşyklaryna, kada-kanunlaryna düşünmekde, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde her bir ynsan üçin aýratyn edebi gymmatlyk bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Ýaşlar beýik akyldaryň tutuş adamzadyň ruhy dünýäsine aralaşyp bilýän şygyrlaryndan okadylar. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini giňden öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra maslahata gatnaşyjylar, şäheriň ýaşaýjylar we myhmanlary muzeýde açylan sergä tomaşa etdiler. Sergide Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, şygyrlary we kitaplary sergilenildi.

Ýusup BABAKULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR