ŞOWHUNA BESLENÝÄR — ŞADYÝAN TOMUS

Şu günler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň bagtyýar körpeleri bu möwsümde özleriniň çagalyk döwrüniň iň şadyýan pursatlaryny başdan geçirýärler. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatymyzyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem şadyýan körpe nesliň wekilleriniň birnäçesi tomusky dynç alyş möwsümini manyly we netijeli geçirýärler. Bu döwrebap dynç alyş merkezinde çagalar üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, kompýuter, zähmet otaglary, birnäçe gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Biz hem ýygy-ýygydan bu ýerde bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bilen dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat çärelerini, dürli bäsleşikleri we oýunlary yzygiderli guraýarys. Geçirilýän çärelerde medeniýeti we sungata, aýdym-saza höwesli ýaşlar şirin aýdym-sazlary we çeper döredijiligi bilen deň-duşlaryna ruhy lezzet paýlaýarlar.

Ýakynda bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümleriniň täsirli we guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz!» diýen at bilen sportuň futbol, woleýbol, basketbol görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirildi. Gyzykly we täsirli geçen sport oýunlarynyň dowamynda işjeňlik görkezip, tapawutlanan erjel oglan-gyzlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary bilen sylagladyk.

Pursatdan peýdalanyp bagtyýar raýatlarymyzy çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR