ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK GURALDY

Lebap welaýat kitaphanasynda gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň giň ummana deňelýän döredijilik dünýäsine bagyşlanyp ýaşlar bilen döredijilik duşuşygy guraldy. Oňa kitaphana işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher, Çärjew we Dänew etrap geňeşleriniň işgärleri we ilkinji ýaşlar guramalarynyň agzalary, döredijilik bilen meşgullanýan welaýatymyzyň bagtyýar ýaşlary gatnaşdylar.

Dana şahyryň köpugurly döredijilik dünýäsini içgin öwrenmek we ýaşlaryň arasynda giňden ýaýmak maksady bilen geçirilen bu duşuşygyň dowamynda dana akyldaryň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolýan şygyrlary okaldy. Şeýle-de edilen çykyşlarda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen geçirilýän çärelere, ýurdumyzda beýik söz sungatynyň waspyny dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda şöhratly pederlerimiziň edep-ekram, görüm-görelde, ene-atany hormatlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly edim-gylymlarynyň we milli däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýetmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleriniň aýratyn ornunyň bardygyny nygtaldy. Şahyryň edermenligi, batyrlygy, mertligi ündeýän setirleri bolsa türkmen ýaşlarynyň watançylyk ruhuny has-da belende galdyrdy.

Çäräniň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» diýen at bilen goşgy okamak boýunça bäsleşik hem gurnaldy. Oňa öz ukybyny goşgy ýazmakda synap görýän ýaş oglan-gyzlar gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar kitaphananyň giň eýwanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen Magtymguly Pyragy baradaky neşir önümlerinden we dana şahyryň dürli dillere terjime edilen kitaplaryndan, şeýle hem ýaş suratkeşleriň Pyraga bagyşlap döreden surat eserlerinden düzülen sergä hem tomaşa etdiler. Bu duşuşyga işjeň gatnaşan ýaşlarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Bagtyýar ýaşlar okamaklary, hünär öwrenmekleri, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny döwletli tutumlar bilen mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR