SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, ruhubelent nesli kemala getirmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Çünki şu günki bagtyýar ýaşlar geljekde Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişerler. Hut şonuň üçinem ýylyň-ýylyna döwrebap bilim ojaklary bilen birlikde sport mekdepleri, stadionlar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýaş nesliň ygtyýarlygyna berilýär. Ýaşlaryň kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän bu döwrebap toplumlarda bagtyýar ýaşlar wagtlaryny netijeli işlere, sagdynlyk hereketlerine sarp edýärler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomsunda hem ösüp gelýän nesliň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan bolmagy ugrunda Diýarymyzyň ähli ýerinde dürli çärelere giň gerim berilýär. Ähli mümkinçiliklere eýe bolan döwrebap sport mekdepleri bolsa ýaşlaryň iň köp ýygnanýan ýerleri hasaplanýar. Biz hem sporty özlerine hemra edinen ýaşlaryň dynç alşynyň netijeli geçmegini gazanmak, olaryň sporta höwesini has hem artdyrmak maksady bilen etrabymyzdaky sport toplumlarynda dürli sport çäreleriniň, türgenleriň görkezme çykyşlarynyň, ýaryşlaryň geçirilmegine giň ähmiýet berýäris. Ýygy-ýygydan geçirilýän ýaryşlar ýaş türgenleriň sanynyň günsaýyn artýandygyny görkezýär. Ynha, ýaňy-ýakynda Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryş hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Oňa göreş sungaty boýunça öz kämillik derejelerini artdyrýan ýaşlaryň we ýetginjekleriň 20-ä golaýy gatnaşdy. Uly şatlyk-şowhuna, çekeleşige eýe bolýan şeýle ýaryşlar ýaşlaryň özara ysnyşmagyna we sportuň bu görnüşine bolan höwesleriniň artmagyna ýardam edýär. Ýaryşyň ahyrynda üstünlikli çykyş eden ýaşajyk pälwanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Sport mekdebiniň sport ussatlary we pälwanlary sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredip berýän, bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersitetine öwrülen Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Şöhrat KADYROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR