Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň tomus paslyny şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Tomus möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde merkezde dynç alşyň ikinji tapgyry başlandy. Adatça bolşy ýaly, bu tapgyrda hem bagtyýar çagalary şatlyk-şowhunly, çagalyk dünýäsine mahsus ajaýyp pursatlar gurşap aldy. Çagalar häzirki wagtda bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, geçirilýän bäsleşiklere, aýdym-sazly, medeni-dynç alyş dabaralara yzygiderli gatnaşyp, olar ertekili we goşguly kitaplary okap öz wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu ýerde guralýan her bir dabaralaryň baý many-mazmuny çagalaryň durmuşynda täze bir sahypany açýar.
Hut şu nukdaýnazardan ýakynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän çagalary döredijilige ugrukdyrmak, olarda zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de surat çekmeklige bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. «Çagalaryň bagtyýarlygy- Watanymyzyň kuwwaty» ady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdy.
Çagalar özleriniň zehin hem-de ukyp başarnyklaryny görkezip, olaryň päk arzuwdan doly, ajaýyp reňkler bilen ýerine ýetiren buýsançly suratlary bagtyýar çagalygy, şadyýan tomsy, eziz Watanymyzy we ajaýyp tebigatymyzy wasp etdi.
Gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Laçyn KAKAJANOWA ,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň müdiri.