ŞADYÝAN TOMUS — BAGTYÝAR ÇAGALYK

Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Dynç alyş günleri olara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär.

Hawa, tomus paslynyň ilkinji günlerinden ýurdumyzda bar bolan dynç alyş merkezleri öz işine başlady. Welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem bagtyýar çagalara gujagyny gerdi. Ýaş nesillerimiz häzirki wagtda ol ýerde göwnejaý dynç alyp, birek-birek bilen ýakyndan tanşyp, dostlaşýarlar. Çagalar bu ýerde dürli oýunlary oýnap, sport ýaryşyna, döredijilik bäsleşiklerine, aýdym-sazly medeni çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle-de, merkeziň kitaphanasynda ýerleşdirilen ajaýyp kitaplary okap, olar öz wagtlaryny hoş geçirýärler. 

Ýakynda bagtly çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmeklerini, olaryň erkana ulalmaklaryny we rahat dynç almaklaryny gazanmak maksady bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň  2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap we Baýramaly şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda türkmen milli oýunlary we köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. «Şadyýan tomus — bagtyýar çagalyk» ady bilen geçirilen köpçülikleýin çärä «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdy.

Bu ýerde körpe nesillerden düzülen toparlaryň özara bäsleşmeginde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Merkezde hereket edýän gurnaklarda çagalaryň zehin hem-de ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler hem guraldy. Bäsleşiklerde çagalar erjellik bilen bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu bolsa dynç alýan bagtyýar çagalaryň göwnüni açyp, olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine uly itergi berdi.

Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap we Baýramaly şäher Geňeşleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

 

Sülgün AGAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly

adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Garagum etrap

 Geňeşiniň başlygy.

 

 

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 41 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 269 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK