Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş-özgerişli aýdyň ýol bilen öňe barýan türkmen halky eziz Diýarymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan taryhy wakalaryň şaýady bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy şeýle wakalaryň biridir.
Täze şäheriň ajaýyp binalaryny we desgalaryny synlanyňda olaryň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşandygy göwünleri galkyndyrýar we dürli maksatly binalaryň milli äheňde atlandyrylmagy milliligimize bolan buýsanjy goşalandyrýar. Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ilhalar ynsan, ýalkymly watançy, edermen esger, ynsanperwerlik ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy şeýle hem Görogly begiň, Döwletmämmet Azadynyň, Aman Gulmämmedowyň, Sahy Jepbarowyň, Şükür bagşy ýaly ussatlaryň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Mary myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşlerinde zähmet çekýän ýaşlar we işjeň agzalar gatnaşmagynda «Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat hemmeler üçin täsirli boldy.
Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty M.Janmyradow alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, «Maru-Şahu Jahan» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýparça Akymowa, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulbagt Amangeldiýewa, Wekilbazar etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň wekili Berdiniýaz Öwezow we Baýramaly etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň mugallymy, etrap halk maslahatynyň agzasy Almaz Goturow çykyş etdiler. Çykyş edenler, Arkadag şäheriniň gurluşygy, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulýan, ekologiýa babatynda arassa we şäheriň waspynyň dünýä mediýasynyň üns merkezinde durýandygy babatynda giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda, Arkadag şäheriniň ýaşlar şäheridigi dogrusynda buýsançly bellenildi.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan doludygyny ýene bir ýola buýsanç bilen belläp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Didar DURDYMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň
baş buhgalteri.