Her bir halkyň özboluşly mirasy bar, edil şonuň ýaly hem türkmen halky ata-babalarymyzdan asyrlarboýy dowam edip gelýän milli mirasymyzyň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Hawa, ak gaýmaly tahýaly oglanlara, gültahýaly mähirli gyzlarymyza, öýme-ýalykly edaly gelinlerimize, ak gyňaçly mährem enelerimize, çäkmenli we telpekli ata-babalarymyza gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasady siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärligi, edebiýaty, asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär.
Ýakynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny hem-de milli mirasyny geljekki nesillere düşündirmek, ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredip we kämilleşdirip bize goýan ajaýyp miraslarynyň biri bolan türkmen telpeginiň ýasalyşyny halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşleriniň «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Mirasym — hazynam» ady bilen Türkmengala şäheriniň ýaşaýjysy Kakajan Agaýewiň hojalygynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda her bir halkyň, taýpanyň özüne mahsus milli mirasy, lybasy we adat-ýörelgeleriniň bardygy, gyrmyzy dony, çäkmeni, ezýaka köýnegi we türkmeniň silkme telpegi ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredip, kämilleşdirip, bize goýan ajaýyp miraslarydygy dogrusynda söhbet açyldy. Duşuşygyň dowamynda «Silkme telpegi taýýarlamak üçin ozaly bilen, ýüňli deri saýlanyp alynýar we ol ilkibaşda duzly suwa ýatyrylýar. Çünki duzly suwda deriniň ýüzündäki zatlar eräp aýrylýar. Ine, şondan soň, duzly suwdan çykaryp, sergin şemala, Günüň tylla nurunda guratmaly. Soňra deriniň ýüzüni oňat agartmaly, mazaly eýini alansoň, deriniň iç ýüzüni gyrkmak gerek, hususan-da, tikmegiň öňüsyrasynda telpegiň ölçegini almaly we tikmeli. Telpek tikilensoň, hökmany ýagdaýda içlik tikmeli, sebäbi, zerurlyk ýüze çykan mahaly içligi çalşyp bolýar» — diýip, silkme telpeginiň taýýarlanyşy barada Kakajan aganyň gürrüňleri diňlenildi.
Täsirli geçen söhbetdeşlik duşuşyga gatnaşyjylar senetçilik sungatymyza goýýan çäksiz sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Begenç AGAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.