Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk,agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp jümle bar. Biziň döwrümizi, döwranymyzy şatlykly wakalara besleýän hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny, il-günümiziň agzybirligini gazanmakda beýik işleri durmuşa geçirýär. Hakykatdan hem, ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursady bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr. Ýakynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy we onuň çapdan çykandygy şeýle ajaýyp pursatdan nyşandyr. Durmuş we ykbal filosofiýasy Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda öz mynasybetini tapyp, täze kitapda geçilen ýollar, ykbal pursatlary durmuş we pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilýär.
Şu günlerde hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary, onuň many-mazmuny we ähmiýetinden söhbet açýan maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklarydyr «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik gepleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle maksatlara laýyklykda, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — nesil terbiýesiniň egsilmez hazynasy» ady bilen geçirilen duşuşyga kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdy.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar bagtyýar ýaşlaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan we guwanç duýgusyndan doludygyny ýene bir ýola buýsanç bilen belläp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýa AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.