ARKADAG ŞÄHERI — ÝAŞLAR ŞÄHERI

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalary ýüreklere ylham paýlaýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Ahal ýaýlasynyň gözel künjeginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara boldy.

Bu ajaýyp dabara ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk täzeçil gurluşyk taslamasynyň, «akylly» şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Hut şu nukdaýnazardan, şu günlerde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy waka bolan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bina edilen Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýerlerde maslahatlar, wagyz-nesihat we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda Ýolöten şäher medeniýet merkezinde «Arkadag şäheri — ýaşlar şäheri» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat hemmeler üçin täsirli boldy.

Dabaraly duşuşykda, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler dogrusynda söhbet açylyp, çykyş edenler halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýandygy we bu düşünje asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelendigi, häzirki günde hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze we döwrebap şäheriň açylyp ulanylmaga berlendigi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler.

Çykyşlarynyň dowamynda, Arkadag şäheriniň gurluşy, onda döredilen giň mümkinçilikler, ekologiýa babatynda arassa şäheriň gözelligi, şäheriň waspynyň dünýä mediýasynyň üns merkezinde durýandygy babatynda buýsançly çykyş edip, täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Meretgeldi ANNAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK