ÝAŞLAR BAGTLY GELJEGIMIZIŇ BINÝADYDYR

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamyna jogap edip bu günki gün Watanymyzyň ösüşlerine ýaşlaryň hem goşant goşmalydyny düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi, TKA-nyň etrap birleşigi etrabyň medeniyet öýünde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Ýaşlar bagtly geljegimiziň binýadydyr» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hünärmenleri, TKA-nyň etrap birleşiginiň başlygy, Tagtabazar etrabynyň medeniyet merkeziniň hünärmenleri buýsançly çykyşlar etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin döwletli işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirýän uly ynamlary, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrýan beýik işleri üçin sag bolsun aýtdylar we olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Maral SEÝITJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK