Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň her bir güni uly üstünliklere, şanly pursatlara beslenmek bilen taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle buýsandyrýan wakalaryň biri hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda elimize gowuşan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly filosofik kitabynyň çap edilmegidir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň çap edilmegi türkmen halkynyň, bagtyýar ýaş nesilleriň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şeýle ajaýyp işleri okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmekde, hem-de ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde mynasyp işleri alyp barýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi we Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Merkezi kitaphanada geçirilen duşuşyga TMÝG-niň işgärleri, IÝG-niň başlyklary, kitaphana işgärleri we bagtyýar ýaşlar hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik we belent adamkärçilik ruhuna eýlenen bu ajaýyp eser ynsan durmuşynyň ensklapediýasydyr. Bu gymmatly hem ümmülmez we many-mazmuna ýugrulan kitap ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Täze kitap birnäçe bölümden ybarat bolup, türkmen kalbyny giňden açyp görkezýän eser bolmak bilen halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýä ýaýjak, Watanymyzyň mertebesini, at-abraýyny belende göterjek ruhy gymmatlykdygyny giňden belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş berýän we bagtyýar ýaşlara her bir ýolda, nusgalyk çeşme bolup durýan ajaýyp kitaplarynyň özleriniň durmuşda, zähmet ýolunda ýan kitabynyň boljakdygyna ynandyrdylar. Şeýle-de eziz Watanymyzyň asuda hem abadan geljegi üçin uly tagallalary durmuşa geçirýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.
Azat Muhiýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.