GADYMY TARYHYM — HAZYNA-GENJIM

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda muzeýde gezelenç-duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärler boýunça inspektory, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Sülgün Ahmedowa hem-de muzeýiň ylmy işgärleri gezelenç duşuşygyna gatnaşan talyplary muzeý bilen giňişleýin tanyşdyryp, muzeýdäki gadymy el işleriniň sergisi, şaý sepler, öý goşlary, gadymy pullar, tebigatyň gözelligine gözellik goşýan öý we çöl haýwanlarynyň eksponatlary barada maglumatlary we rowaýatlary gürrüň berdiler. Gezelenç duşuşygy talyplarda milli mirasymyza, gadymy gymmatlyklarymyza we baý taryhymyza bolan söýgüni has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar baý taryhymyzy, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 15 okalan

GADYMY TARYHYM — HAZYNA-GENJIM

20 Noýabr 2025 | 16 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

18 Noýabr 2025 | 54 okalan

TEBIGAT WE BIZ