Il halkymyzyň arzuw dileglerinde şatlykly wakalaryň pursatlaryny dabaralandyrmak, göwünleri galkyndyrmak üçin ulanylan bu jümleler aýratyn ýakymly eşidilýär. Ömrüňiz uzak bolsun! Ýaşyň uzyn bolsun! Toýlarda-dabaralarda arzuw aýdylanda, ömür bilen baglanyşykly şu jümleler hem aýdylýar. Sebäbi ömür bahasyz hem taýsyz serpaý diýip, ilki ynsan ömri barada aýdylýar. Ähli zadyň öwezini dolup bolýar, ýöne ömür ýeke-täk. Şonuň üçinem ömrüňi manyly ýaşamagy arzuw edýärler.
Meniň tutuş ömrümiň manysy, bu il-halkymdyr, adamlaryň parahat, agzybir durmuşydyr, olaryň jan saglygydyr.
Adam ömrüniň manysy Watanyň gymmatlyklaryna garaýşynda ýüze çykýar. Watanyň gymmatlygy bolsa, ilki bilen, Watanyň ynsan janyna hözirli tenekar topragydyr, melhem howasydyr. Şonuň üçinem ömrüň manysyny tebigata bolan garaýyşdan üzňelikde göz öňüne getirmek kyndyr.
Her bir adamyň yhlasy onuň maksadynyň esasynda kemala gelýär. Halkymyzyň dürdäne paýhasly nakyllarynda arzuwsyz adamyň ganatsyz guşa meňzedilmegi hem şondan ugur alynýanlygyndadyr.
Adamyň arzuwdyr hyýallary, maksady bolsa oňa geljege akylly-başly nazar aýlamaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem ömrüň manysy hakynda söhbet durmuşda tutan maksadyň manysy hakyndaky garaýyşlardan gözbaş alýar.
Her bir adam öz öňünde maksat goýup, şol maksady bilen hem ömür menzillerini dowam edýär. Meniň ýazgylarymyň gözi bilen göreniň, özi gatnaşyp, illerden eşideniň ýazan ýatlamasy hökmünde kabul edilmegi hem mümkin. Ýöne bu düýbünden beýle däldir. Sebäbi men öz sözümi islendik döwürde hem ýürekden aýtmagyň esasydygyna ähmiýet berýärin. Men halkyma özümiň ýürek sözümi aýdýaryn. Şol ýazgylar durmuş hakyndaky maglumatlardan düzülýär. Sebäbi durmuşda her bir adamyň öz mynasyp ornuny tapmagy, bu ähli adamlaryň hem pikirlenmeli we netije çykarmaly meselesidir. Alkyşyň manysy hakyndaky söhbetlerde şol maksat esasy orunda durýar. Alkyş almak bilen adamlar birek-birege has ýakynlaşýarlar, olar bitewüleşýärler. Bitewüligiň manysy hem şonuň bilen logiki many zynjyryna düzülýär.
Durmuşda öwrenmegiň uly manysy bar. Men muňa durmuş we iş tejribämde has-da göz ýetirdim. Ylym, syýasat, sungat, ykdysadyýet, sanlylaşdyrma we beýleki ugurlar babatyndaky bilimler durmuşyň dowamynda hemişe zerur bolup, adamyň yzygiderli kämilleşdirmeginiň esasynda ele alynýar.
«Işlemeýän adam ýalňyşmaýar, diňe işleýän adam ýalňyşýar» diýip, il içinde köp aýdylýar. Işiň netijesini seljerip, şondan hem bärden gaýtmalary kesgitläp, säwlik goýberilen ýerleriňi geljekde düzetmek islegi bilen hem adam kämilleşýär diýip pikir edýärin.
Ykbalyň sizi dürli hili synaglar bilen ýüzbe-ýüz etmegi mümkin. Ýöne yzygiderli öwrenýän, özüni kämilleşdirýän adam özüni ýitirmän, geljege maksatly garaýar.
Wagt hakyndaky pelsepeleri okap, men özüm üçin täze pikirleri açýaryn. Wagt yzynda öz «möhürini» galdyrýar. «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýen jümleler hem ýönelige aýdylan däldir, onuň manysy wagta bolan gatnaşykdan gaýdýandyr diýip pikir edýärin.
Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde saparda bolanymda, men şol ýeriň taryhy bilen şu gününi deňeşdirýärin. Şonda geçmişiň üstünliginiň täze döwürdäki dowamyny görýärin.
Siziň ertiriňiz hakyndaky arzuwlaryňyza goşulmak bilen, men geljegiň ösüşinde hem il-halkym bilen bitewi bir synadygymy duýýaryn.
Goý, il-halkymyz bagtly ömrüň, abadan durmuşyň eşretini görüp ýaşasyn!
Gahryman Arkadagymyzyň
«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.