DYMMAKLYK ULY GÜÝÇ

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: «Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr». Mundan müň ýarym ýyl ozal Omar ibn al-Hattab: «Her bir adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly, şeýle bir eziz, gürlänsoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň-kimdigi belli bolýar» diýipdir. Gerek ýerinde dymyp saklanmaklyk abraýly we eý görülýän häsiýetleriň biri. Ol göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy oýarýar. Dilini boş we biderek ýaňramazlyga endik etdiren adamy, dilini many we düşbülik bilen jylawlamagy başarýan adamy güýç- -kuwwatyň eýesi hasaplap bolar. Akyldan gapylka aýdylan, gör, näçe söz eýesini heläkçilige uçratdy. Baýlyk-maly, abraý-ady gitdi. Taryhy ýazgylara görä, Luis XIV ýaş ýetginjek wagty çeper gürlemekde, jaýdar sözlemekde, birini susdurmakda, dawa-jedelde üstün çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta çykanyndan soň ol mese-mälim üýtgäpdir. Az gürläp başlapdyr. Dymmaklyk, az gürlemeklik onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat çeşmeleriniň biri bolupdyr. Şol gürrüňlere görä, hatda onuň wezirleri hökümdar bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ençeme sagatlap aram-karar tapman, hökümdara meseläni nädip ýetirmegiň ugruny bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz aralaryndan iki sany wekili saýlap, şol teklibi Luis XIV-ä hödürlemäge zordan boýun eder ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi hakda uzak wagtlap kelle döwer ekenler. Geňeşden soňra, iki sany adam gorka-gorka bu teklibi hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik beýan edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty bilen baş atmasyndan soňra, ol ýerden dolanar ekenler. Hä-hawada bermez eken. Birmahalky ýaňra Luis XIV bu häsiýeti bilen hökümdaryň huzuryna gelnende her hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San Simon Luis hökümdary şeýle suratlandyrýar: «Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan şeýle adamy hiç kim gören däldir. Onuň ýylgyryşlary hem, nazary- -garaýyşlary hem, ondaky her bir edim-gylym, hüý-häsiýet hem şeýle bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy. Onuň beýikligi az sözlüligi bilen utgaşyp gidipdi». Käbir adamlar az sözlemde aýdyp boljak zady süýndürip-sarkdyryp, tutuş kitaby gürrüň berýän ýaly uzaldýarlar. Käteler wakanyň özi bäş minutdan uzaga çekenok, emma onuň gürrüňi sagatlara çekip bilýär. Her gezek aýtjak zatlaryň takyk we kesgitli bolsa, onda sen ýerliksiz gep uzaltmalardan we ýaňramalardan, manysyz sarnamalardan el çekmeli. Şeýtmek bilen, hem özüňi, hem-de beýlekileri irizmekden, ýüreklerine düşmekden halas edýärsiň. Dogry, söz birek-birek bilen tanyşmak, habarlaşmak üçin esasy serişde, bu delile duwlanyp, bu ýerde meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin. «Ýaşaýan jemgyýetimizde has köp iş salyşmak üçin köp gürlemäge mejbur bolýarys» diýmegiň mümkin. Ýa-da «az gürlesek, özgeler bizi ulumsy, tekepbir saýyp, bizden aýyp-syn etmekleri mümkin» diýersiň. Gümürtik we öjükdirijilik häsiýetdäki dymmaklyk hakda aýdýan bolsaň, onda sen mamla – seniň bilen ylalaşýaryn. Ýöne men bu ýerde sada söz bilen dymmaklygyň, ýagny az gürlemekligiň esasy ähmiýetlerini sanap geçeýin. Agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp aljak gümanyň ýok. Pygamberimiziň hadyslarynda «Ynsany jähenneme oklaýan iň hatarly zat agyzdan çykan sözdür» diýilýär. Ähli ýollary, usullary ulanyp, sözleriňe seresap çemeleş. Diliňe erk et. Gymmaty, ähmiýeti ýok sözleri ýaňramakdan we anyk gözüň ýetmeýän zatlary sözlemekden saklan. «Gürleseňiz, derrew tanalarsyňyz. Ýigidiň kimdigi dilinde basyrylgy ýatandyr, sözlese, nähili ýigitdigi dessine äşgär bolar» diýip, bäş müň hikmetiň eýesi Aly ibn Abu Talyp aýdýar. Bu söz maňa-da, saňa-da degişli. Aýdýan sözlerimiz, ile ýaýýan pikirlerimiz esasynda adamlarda biz hakdaky düşünje peýda bolýar. Olar aglaba halatda aýdýan sözlerimiz arkaly bizi tanaýarlar. Çünki dil diňe özüňde bar zatlary aňyňda bar zatlara laýyklykda sözleýär. Bu diliň tebigatydyr. Ýöne nirelerde dymmaly? Ine, şu aşakda ýatlanjak ýerlerde dymyp saklanmak örän ýerlikli, has dogrusy, ýagdaýa tüýs laýygydyr. Gahar-gazaplykaň. Gahar-gazap dälilige mahsus bir ýagdaý. Gaharly ýa-da juda öýkeli wagtyň gürläniňde öte köp säwlik goýberýärsiň. Iň hatarly ýeri hem şol ýagdaýda aýdan her bir sözümiz soňlugy bilen diňe biziň garşymyza hereket edýär. Öz büdremegimize delil, tutaryk bolýar, bäsdeşimiz üçin jaýdar bahana öwrülýär. Diňe bizi ýazgarmaga esas bolýar. Gahar-gazabyňy, öýke-kinäňi saklap bilmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýöne özüňi bu häsiýete alyşdyrmak, yzygiderli endik etmek bilen gaharyny jylawlap bilýänleriň biri bolarsyň. Şeýle halatda käbir sözleri ýatlamagymyz gerek. Mysal üçin, Pygamberimiziň «Gaharlanmasaň saňa jennet nesip eder» diýen sözleri bar. Şol sözleri amal etmek arkaly gazanjak sogabyňy we hoş hallaryňy göz öňüne getir, aňla, düşün. Sogap-sylagdan daşary adamlaryň hormat-sarpasyna hem eýe boljakdygyňy ýatla. Üstüňden gülünmek, ýaňsylanmak we kinaýa wagtynda. Araplaryň bir hikmetli paýhasy bar: «Akmak bilen jedel etme, esasanam, özüňçe ýok biri bilen dawa-jedel etseň, eňekleşseň..., sizi aralamakda adamlaryň ýalňyşmagy mümkin». Gürrüňi uzaltmazlyk we ol ýerde uzak saklanmazlyk – edip boljak iň gowy iş. Kinaýadyr ýaňsylama hem edil şonuň ýaly ýaňsy bilen jogap gaýtarjak bolma, gaýta bu ýagdaýda pespällik, açykgöwünlilik, dymmaklyk güýçleriňi peýdalan. Şolara berjek jogabyňdan geljek netijäni, gürrüňi biderek ýere uzaltmak bilen «gazanjak» zadyňy aňyňda aýla, il-günüň, özgeleriň näme diýjekdiklerine ser sal. Daş-töweregiňi bilmeklik, seljermeklik. Işde, öýde ýa-da sapar-syýahatda bolsaňam, köplenç, dymmaklyk zerurlygy ýüze çykýar. Dymmaklyga mätäç bolýansyň. Her bir bolýan zadyň anyk sebäbini bilmeseň, aňşyrmasaň, sözler kynlyk bilen çykar durar... Hytaý pelsepeçisi Sun Szy beýleki bir şahs bilen geleşige, ylalaşyga girmegimiz hakda şeýle diýýär: «Biz uzak dymdygymyzça söhbetdeşimiziň dodaklary we dişleri barha çalt hereket edip başlaýar. Ol şeýtmek bilen özüniň islegi we niýetleri hakda saňa has içgin açylyp başlaýar». Gadyrdan dostum! «Dymmaklyk ejizligiň we dyza çökmekligiň bir alamaty» diýip, ýene-de meniň bilen ylalaşmazlygyň mümkin. Çünki beýleki tarap hondan bärsi bolup, gep süýndürip, söz sarkdyryp oturmaga magrur bolýar. Bu ýagdaý diňe seniň bähbidiňedir. Senden haýyşym hem-de talabym – seniň mertebäňi, abraýyňy dynnym ýaly ýokary galdyrmajak ýerinde, gaýta sähel sowa düşseň, ýazgaryljak ýeriňde gep uzaldyp oturmagyň haýry-hajaty ýok hasap edýärin. Ýöne şol ýerde nämedir bir zat diňlemeli, sözlemeli we aýtmaly bolsa, onda sen asudalyk we agraslyk bilen az sözde aýdyň jogap bermäge çalyş. Nygtamak isleýän zadym – diliňi artykmaç sözlemekden jylawla. Akyl elmydama diliňe gözegçilik etsin. Diýmeziňden ozal mazaly oýlan. Bedräni guýa sallamazyňdan öňürti işleriň ýagdaýyny ölçerip dök. Jan alýan dymmaklyk. Käbir halatlarda «Dymyp saklanmak örän agyr, ýaramaz we ýalňyş» diýip aýtsalar, sen oda-köze düşme! Şol ýerde hem diliňi ýazgynyna goýberer ýaly esas ýok, bu bolsa artykmaç gürlemekde haýyr ýokdugyny aňladýar. Islenilýän zat – deňagramlylygy saklamak. Durmuş kadalaryny ýola goýmakda, sagdyn duýgulara eýermekde ýüze çykan islendik ýoldan sowulma, gyşarma ynsana ters täsir edýändir. Heý-de minnetdarlyk ýa-da duýgudaşlyk bildirilmeli wagty dymyp saklanyň diýýän hikmeti eşitdiňizmi? Heý-de söýgi, sylag-hormat, taňryýalkasyn aýtmaly ýerinde dymyp durmagymyz laýyk bolarmy? Kimdir birine töhmet atylýan wagty anyk we aýdyň delilleri aýdyp bilýän bolsaň, dymmaklyk dogry bolarmy? Elbetde ýok. Eger akylymyz bize şu ýerde gürleseň jaý ýeri diýse, gürlänimiz ganymat. Eger-de işleriň gidişi, ýagdaýy dymanymyzy eý görýän bolsa, onda düşnüksiz we sadaja ýylgyryp oňanymyz has oňatdyr. Nakyllarda şeýle diýilýär: «Ýapyk agza siňek girmez».

Rahmet GYLYJOW

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR