Halkymyzyň ýazuw ýa-da dil üsti bilen biziň günlerimize gelip ýeten her bir edebi döredijiliginde arassa ahlak we edep-terbiýe meselesi ündelýär. Türkmen halk döredijiliginiň her bir žanry durşy bilen çaga we şahsyýet terbiýesine bagyşlanan. Sanawaçlar, matallar, ýaňyltmaçlar, goşgular, ertekiler, rowaýatlar, henekler – bularyň ählisi haýsy hem bolsa bir tarapdan çaga düşünjesini, pikirleniş we sözleýiş ukybyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin niýetlenen. Matallaryň üsti bilen pikirleniş güýjüni ösdürmeklige üns berilse, ýaňyltmaçlar sözleri sakynman we çeper aýtmaklaryna ýardam edipdir. Sanawaçlar we goşgular ýatkeşligini ösdüripdir. Henekleriň üsti bilen degişmegi öwredipdirler. Ýogsamam çaga gülküsinden jadyly ýaňlanýan başga zat ýok ahyry. Şeýdip, edebiýatyň üsti bilen çagalarda edep terbiýesi özleşdirilipdir. Bu zatlar müňýyllyklaryň dowamynda aňda öwran-öwran gaýtalanyp, barha kämilleşipdir. Nesillere gürrüň berlipdir, öwredilipdir. Şonuň üçinem türkmeniň mekdepsiz wagty ýok diýip bolar, çünki bu zatlaryň ählisi döwürleriň synagyndan geçen mekdepdir. Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän edebi žanrlaryň ýene biri ertekiler. Ertekiler ýokarda ýatlanylan ähli ukyphäsiýetleri çagalarda oýarmaga ýa-da berkitmäge ukyply. Çeper sözlülik, ýatkeşlik, pikirlenmeklik we ýene-de birnäçe häsiýetleri ertekilerden tapyp bolýar. Ertekiler beýleki žanrlardan tapawutlylykda hyýal güýjüni ösdürip bilýän ýeke-täk ugurdyr, şonuň üçin hem çagalykda diňlenen müňlerçe sanawaçdyr şygyrlaryň, mataldyr-nakyllaryň arasyndan ertekiler heniz-henizlerem ýadymyzda aýratyn orun tutýar. Ertekiler gönüden-göni aňasty aňa täsir edýär. Aňasty aň bolsa özümize pynhan ýatan ençeme ukyplary we zehinleri özünde saklaýar. Häzirki zamanyň meşhur alymlary adamyň görmek, bilmek, eşitmek arkaly özleşdirýän maglumatlaryndan on million esse köp maglumatyň aňasty aňda üsti basyrylgy ýatandygyny belleýär. Ony diňe hyýal güýji arkaly oýaryp bolýar. Çagalarda hyýal güýjüni terbiýelemekde bolsa iň ygtybarly serişde erteki hasaplanýar. Şu jähetden ugur alan atababalarymyz hut ertekileriň üsti bilen çagalary, perzentleri belent ruhda we ahlakda terbiýeläpdirler. Olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri oýarypdyrlar. Ertekileriň döreýiş taryhyna nazar salsak, has gadymy döwürlere aşmaly bolýarys. Baryp-ha mundan üç müň ýyl ozalky Müsür faraonlary döwründe erteki kysmy edebi eserleriň rowaç bolandygy taryhy çeşmelerde nygtalýar. Gadymy grek, hindi, arap, pars çeşmelerinde hem ertekilere gabat gelip bolýar. Aslynda erteki adam aňynyň önümi. Adam aňyna bolsa ýa öň bolan, ýa-da az-kem taraşlansa hökman bolup biljek wakalar, hadysalar, zatlar girýär. Mundan müň ýyl ozalky ertekileriň şol wagt hyýal saýylandygyna garamazdan olarda beýan edilen zatlaryň käbiriniň häzirki günde hakykata öwrülendigini aýdyp bolar. Türkmen ertekilerine göz gezdirsek, ol ýerde gadym-gadym eýýamlaryň söhbetini ýa-da oýlanyp-ölçerilip aýdylan, ylyma laýyk gelýän syrlary hem tapyp bolýar. Türkmen ertekileri bir tarapdan çaganyň daştöweregini gurşan tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyny öwredýär. Beýleki tarapdan, ýagşy gylyk-häsiýetlere bürenmekligi, ýaramaz endiklerden gaça durmagy ündeýär. Ertekileriň dürli-dürli beýan edilmesiniň hikmeti şoňa syrygýar. Käteler haýwanlaryň üsti bilen adamda bolup biljek häsiýetler açylsa, kähalatda her haýwanyň öz tebigy häsiýeti beýan edilýär. Ot-çöpler, daragtlar babatda hem şeýle, olaryň haýsy birini alyp görsegem, özeninde-süňňünde terbiýeçilik ýatyr. Daragtyň şahasyny döwmezlik, gaýta olara idi-ysywat etmeklik, guş höwürtgesini bozmazlyk, gaýta olara ýardam-serenjam etmeklik, janly-jandaryň göwnüni ýykmazlyk, gaýta olara penakär çykmaklyk ýaly häsiýetler eriş-argaç bolup geçýär. Ertekiler öz içinde şadyýan, gülküli, gamgyn, ýeňil düşünip bolýan, çuňňur manyly, kähalatda bolsa göçme manylary saklaýar. Göçme manyly ertekilerde ýa-ha häsiýetler tebigatyň üsti bilen açylyp görkezilýär, ýa-da nähilidir bir syrly hyýalyň, pikiriň manysy çöşlenilýär. Olaryň köpüsi birbada hyýaly zat ýaly saýylsa-da, süňňünde çuňňur ylmy maglumatlary saklaýandygy welin has täsirlidir. Mysal üçin, şeýle bir türkmen ertekisi bar: “Gadym döwürde hünärine ezber ussalaryň biri bir gurjak ýasapdyr. Bu gurjagyň bir gulagyndan çekseň, bir dürli aýdym aýdýarmyşyn, beýleki gulagyndan çekseň, başga hili aýdyma başlaýar eken..”. ertekiniň dowamy bar, emma ýüzlerçe, belki müňlerçe ýyl ozal ilki aňda, soňra sözde taslanan bu ertekidäki gurjagy häsirki döwrüň ösen käbir tehnologiýasyna meňzedip bolar, belki ol ýerde radio ýa magnitofon ýaly, ýa-da şoňa meňzeş bir zat göz öňünde tutulandyr. Ýogsamam, dile geldi, bile geldi, taryhda özi hereketlenýän we dürli amallary ýerine ýetirmäge ukyply gurjaklary ilki bolup ýasan hem türkmenlerdir. Bu hakda orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymy Abulyz Ysmaýyl Jezeriniň “Oýlap tapyşlar” atly eserinde giňişleýin beýan edilýär. Uly göwrümli bu eser türkmen diline doly terjime edildi. Şol kitapdaky nusgalar, düşündirişler hem adam aňynyň önümi, hat-da şol döwre çenli ol zatlary mümkin däl zatlaryň hatarynda görlendigini alym öz kitabynyň başynda ýatlaýar. Ýa-da şuňa mysal ýene bir erteki: “Gadym döwürlerde bir sebäp bilen dört sany pyýadanyň ýoly birigip dir. Olaryň biri Asmandan – howadan gaýyp düşüpdir. Biri ýanyp duran oduň içinden çykypdyr. Ýene biri toprakdan, dördünjisi bolsa suwdan çykýar. Bularyň her biri aýratyn ukyba, hünäre eýe eken. Olar maslahatlaşyp, agzybirlikde bir gurjak ýasamagyň hyýalyna münýärler. Onsoň, ýaňkylaryň biri gurjak ýasamaga ýaramly gowy agaç saýlapdyr. Ýene biri şol agajy ýonup-ýylmap, gurjak ýasapdyr. Beýleki biri oňa gelşik berip duran geýim-lybas taýýarlapdyr. Dördünjileri bolsa, bu gurjaga jan beripdir”. Göräýmäge, bu bir erteki, ýöne ata-babalarymyzyň her bir sözi çuňňur mana eýe. Bu dört pyýada – adamyň temperamentini hasyl edýän dört elementi – ot, suw, howa we topragy ýadyňa salýar. Şonuň üçinem türkmen ertekileriniň terbiýeçilik we ylmylyk tarapy juda ýokarydyr. Oňat seljerip otursaň bu ertekileriň içinden geljekde hasyl edip boljak birnäçe syrly zadyň üstünden baryp bolar. Ertekileriň terbiýeçilik tarapy biz üçin örän ähmiýetli. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ertekileriň üsti bilen öz nesillerini, perzentlerini terbiýeläp geldiler. Emma dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi diňe geçen asyryň segseninji ýyllarynda bu gymmatlyga aýratyn ähmiýet berip başlady. Ertekileriň ýöne bir kyssa ýa-da çagalary bikärlikden goramak, boş wagtyny bir zat bilen güýmemek üçin oýlanyp tapylan zat däl-de, hut terbiýeçilik üçin tapylan zatdygyny öňe sürdüler. Şeýle ertekiler ene-atalara uly goldaw, kömek bolup durýar. 1982-nji ýylda tanymal pedagog Ş.Amanaşwiliniň “Adamy döredip” atly kitaby neşir edilensoň, ertekileri ylmy-pedagogik taýdan gaýtadan öwrenmek işi möwç alýar. Bu alym ertekileriň çaga psihologiýasyny ýiti täsir edýändigini öwrenensoň, bu ugurda birnäçe teklipleri öňe sürýär. Şol esasda hem çagany doly we dogry terbiýeläp bolýandygyny nygtaýar. Eýsem, ertekileriň üsti bilen çagalara nähili täsir etmeli? Biz öz çagalarymyzda nähili häsiýetleri görmek isleýän bolsak, olara şol mazmundaky ertekileri has köp okap bermeli bolýarys. Eger-de biz öz çagamyzyň dogumly, batyr, edermen bolmagyny isleýän bolsak, gahrymançylykly ertekileri, alym, sowatly bolmagyny isleýän bolsak, ylymbilim bilen bagly ertekileri, söwdagär bolmagyny isleýän bolsak, hasaphesip, söwda, halallyk bilen bagly ertekileri, ýagny, şol häsiýeti teswirleýän, açyp görkezýän ertekileri okamaly bolýarys. Çaga has ýiti täsir etmegiň ýene bir usuly ertekiniň baş gahrymany hökmünde öz çagaňyzyň adyny tutmakdyr. Çagany şol ertekiniň baş gahrymany hökmünde görkezmekdir. Mysal üçin, boýdan-başa gowy häsiýete eýe bolan gahrymany saýlap alyp, onuň adyna derek üns berilýän çaganyň adyny aýtmaly. Ertekiniň baş gahrymany bolýan çaga özi hakyndaky ertekini diňleýär. Ertekide baş gahryman özüni iň kämil derejede alyp barýar: ähli kynçylyklary ýeňip geçýär, öz hereketlerine jogap berýär, adamlara kömek edýär, ejizleri gorýar, goldaýar, hemişe hak işiň tarapynda durýar. Ertekiniň has täsirli we netijeli tarapy her bir çaga özüniň ertekidäki keşbine giresi gelýär, şoňa meňzemäge çalyşýar. Özüni şol dünýäniň baş gahrymany hakda görýär. Şol ýerdäki häsiýetlere, beýik maksatlara, asylly ýörelgelere wepaly bolmaga çalyşýar. Kynçylyklary ýeňip geçmek hyjuwy ösýär. Diňe ýagşy amallary etmeklige höwrügýär. Eýýäm onuň aňynda ähli müşgilliklerden üstün çykan gahrymanyň – özüniň ynamly keşbi dur. Ynam bolsa ähli zady çözýär. Çagany ertekiniň baş gahrymany hökmünde görkezmek – terbiýäniň jadyly nusgasy hasap edilýär. Şeýle ertekiler çaga duýgusyna oňyn täsir edýär. Ertekiler çagalarda göresimiz gelýän islendik häsiýeti terbiýelemäge kömek edýär. Üstesine, munuň üçin oňa gödek käýemegem, azgyrylmagam, ýa ýüzüni almagam zerur däl. Çünki çagalar gyzykly ertekileri diňlemäge hemişe-de taýýar. Şeýle gowy ertekiler bilen terbiýelenen, gurşalan çaga ulalanda islendik kynçylygy böwsüp geçmäge ukyply bolýar. Nahar üçin duzuň nähili ähmiýeti bar bolsa, çaga terbiýesinde ertekiniň orny şonuň ýalydyr. Ertekiler diňe bir çagada gowy häsiýetleri terbiýelemegi däl, eýsem öň bar bolan ýaramaz endiklerinden saplanmaga hem kömek edýär. Olaryň kejirligini, ynjyklygyny, öýkelekligini, gaharjaňlygyny, zähmete höwessiz garaýanlygyny aradan aýyrmak üçin ýene-de ertekilere bil baglap bolar. Şeýle halatda ertekiniň baş gahrymany hökmünde çaganyň özüni görkezmeli däl-de, hut şoňa meňzeş başga bir çagajygyň bardygyny aýtmaly, gürrüň bermeli. Mysal üçin, “Bir bar eken, bir ýok eken, gadym-gadym zamanlarda saňa meňzeş bir gyzjagaz bar eken” diýen hörpde başlamaly. Şeýle usul çaganyň özüne ýaňky meseläni nähili çözmelidigini öwredýär. Gowy häsiýete bürenip bolýandygyna ynam döredýär. Şeýle ertekilerde baş gahryman ilkibaşda gowy häsiýetde bolmaýar. Soňabaka taplanyp-taplanyp barha kämilleşýär. Munuň üçin azajyk wagtyň, ýöne ýürekden edilýän islegiň gerekdigini çaga ynandyrýar. Şeýle häsiýetdäki ertekiler çagalaryň öýkelekliginden, ýaramaz endiklerinden saplanmagyna getirýär, käbir ýagdaýlary ýeňil ýeňip geçmeklige pugta ynam döredýär. Olaryň kejirligi, diýen etmezligi ýuwaşýuwaşdan aradan aýrylýar. Ertekileriň ýene bir ähmiýetli we iňňän wajyp taraplarynyň biri çagalara gorkyny ýeňip geçmekligi öwredýär. Bu çagalarda irgözinden terbiýelenmeli esasy häsiýetleriň biridir. Käbir çagalar garaňkylykdan, ýekelikden, ýa-da guş-gumrydan, itdir pişikden şeýle bir gorkýar, aglaba halatda hem esassyz ýere gorkýar. Şeýle gorkulary ýeňip geçmek başarnygyny terbiýelemk üçin ýene-de ertekiler gerek. “Hudaýberdi gorkak” ýaly ertekileriň beýanynda çagalara örän kän zady düşündirip bolýar. Ýerliksiz gorkyny ýeňip geçmekligi öwretmek çaga terbiýesindäki iň uly utuşlaryň biridir. Bu häsiýet çagada islendik kynçylygy ýeňip geçip bolýandygyna, sähel müşgillikleriň öňünde müzzerilmän, mert durup bolýandygyna we gaýratdyr tutanýelilik bilen öz maksadyňy hasyl edip bolýandygyna ynamy terbiýeleýär. Şonuň üçin ertekiler çaganyň ruhy we aň-düşünje kämilligini gazanmakda, olaryň hyýal ediş, göz öňüne getiriş güýjüni ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Dünýä ylmynyň häzirki döwürde ertekiler babatda uly açyş hasaplaýan ençeme zatlary halkymyzyň müňýyllyk taryhynda mazaly özleşdirilen sungaty bolup durýar. Hat-da ertekileriň aýdylyş usuly babatda hem täsin galdyrýan däplerimiz bar. Ertekiler aglaba halatda ýatar wagtymyz, uka gitjek wagtymyz aýdylýar. Munuň hikmeti nämede? Orta asyrlaryň meşhur lukman alymy Abu Aly ibn Sinanyň “Ömür ýazgylary” atly eserinde şeýle waka beýan edilýär: “Çözmesi kyn meseläni aňymda aýlap, göz öňüne getirip, uka batýardym. Örän köp syrly meseleler maňa düýşümde aýan bolardy. Şeýdip, oýalykda hem, düýşde hem ylym syrlaryny açmaga yhlas ederdim”. Abu Aly ibn Sina özi üçin iň wajyp meseleleri ýatar wagty ýatlaýan eken. Soňra şoňa laýyk çözgüdi hem tapýan eken. Ertekileriň ýatar wagty aýdylmagynyň bir hikmeti gönüden-göni aňasty aňa täsir edýndigi we şonuň netijesinde onuň täsiriniň örän ýokary bolýanlygyndadyr. Çaga öz wagtynda aýdylan erteki uly adama berlen psihologik, göwün göteriji ýa-da maksada ugrukdyjyry maslahat bilen deňdir. Bir tapawutly tarapy gürrüň berlen erteki çaganyň aňyna we aňasty aňyna täsir edýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, biziň aňasty aňdaky maglumatlarymyz aňda göterýän maglumatlarymyzdan 10.000.000 (on million) esse köpdür. Bu bolsa ynsan aňynda üsti basyrylgy ýatan ençeme ukyby herekete getirmäge sebäp bolýar. Munuň şeýledigine akyl ýetiren ata babalarymyz ertekilere aýratyn ähmiýet beripdirler. Häzirki döwürde ertekileriň üsti bilen çagalary we şahsyýeti terbiýelemek meselesi has giňişleýin öwrenilýär. Ertekiler bilen bagly has täsin maglumatlara hem gabat gelip bolýar. Nemes lukman alymy Klaus Wittiň “Çagalaryň allaergiýasyny ertekileriň üsti bilen bejermek” atly kitaby neşir edildi. Bu ertekiler kitaby boýdan-başa owadan suratlar bilen bezelipdir. Geçirilen tejribeler suratlar bilen üpjün edilen ertekileriň çagalary allergiýadan, ilkinji nobatda bolsa neýrodermit keselinden halas edýändigini subut edipdir. Hat-da ilki erteki okap berip, yz ýanyndan däri-melhem etseň, onuň örän gowy täsir edýändigi aýdylýar. Eger şeýle bolsa, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýaňy-ýakynda giň okyjylar köpçüligine ýetren “Türkmen halk ertekileri” atly çeper suratlar bilen bezelen kitaby biziň her birimiz üçin mynasyp we manyly sowgat bolup biler. Milli däp-dessurlarymyzyň, türkmeniň terbiýe mekdebiniň iňňän gadymydygyny we many-mazmuna örän baýdygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz müň mertebe mamla. Diňe ertekiler hakdaky hakykatlara esaslanybam bu pikiri tassyklap bolýar. Dünýä ertekiler arkaly çaga terbiýesine çuňňur täsir etmeklige indi-indi aýratyn üns berýän bolsa, ata-babalarymyz munuň şeýledigine müňlerçe ýyl ozal akyl ýetirip, ony özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrypdyrlar.
Rahmet Gylyjow