Ýakynda Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň ýaşlarynyň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýylyň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäheri — Arkadag şäheriniň gurlup kemala gelmegi bilen ýaşlar üçin döredilýän şertler we mümkinçilikler, şeýle hem Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.
Şeýle hem duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halk hem Watan diýip, gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal
welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.