Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz «Sport güýç-kuwwatyň, gözelligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýdyň beýanydyr» diýmek bilen bu ugra turuwbaşdan ähmiýet berýär. Iň begendirýän ýeri-de her bir işde bolşy ýaly, sportda-da Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň her birimize görelde bolmagydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz sagdyn-durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, ynsan saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine çykardy. Şeýle aladalar netijesinde Türkmenistan ruhubelentligiň, sagdynlygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda dürli derejeli stadionlaryň, sport toplumlarydyr sport mekdepleriniň, sport meýdançalaryň we şu maksatly beýleki desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, berk bedenli, sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller» ady bilen kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi hem-de TKA-nyň Kaka etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes edýän çagalar köp boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de bäsleşikde üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalara ýeňiş gazanmaga hyjuw berdi. Ýaryş gyzykly pursatlara baý boldy. Şeýle bäsleşigiň netijesinde güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede «Bagtyýarlyk» topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň
bölüm müdiri.