LUKMANLARYŇ DUŞUŞYGY

Kaka etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, sport we ýaşlar syýasaty hem-de din işleri baradaky Geňeşliginiň bilelikde guramaklarynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Durmuşumyzyň bezegi saglykdyr» atly duşuşyk geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, etrap hassahanasynyň lukmanlary hem-de şepagat uýalary gatnaşdylar. Duşuşykda etrap jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, etrap häkimliginiň we etrabyň din işleri baradaky Geňeşliginiň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan adyl we adalatly syýasaty, ata Watanymyzy gülletmekde, ösdürmekde alyp barýan işleri dogrusunda täsirli söhbet açdylar hem-de ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip, ýaramaz endiklerden daşda durmalydyklary hakynda çykyşlary etdiler. Duşuşygyň ahyrynda etrap hassahanasynda göreldeli zähmet çekýän ýaş lukmanlara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA