Üzärligi halkymyz gadym zamanlardan bäri ulanyp gelýär. Pederlerimiz wagtal-wagtal üzärlik tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyr. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyr. Aslynda, üzärlik tütetmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Gadymy döwürde hasap edilişi ýaly, bu dermanlyk ösümliginiň tüssesi ähli erbetlikleri kowup çykarýar hem-de rowaçlyk we abadançylyk getirýär. Şol döwürlerden bäri bu dessur tämizlenmegiň nyşany, milli däp-dessurlarda ähli döwletli başlangyçlaryň we uly işleriň alamaty bolup durýar. Görnüşi ýaly, üzärlik örän täsin ösümlikdir. Halkymyzda gadymyýetde bejerijilik, keseliň öňüni alyjylyk häsiýeti üçin oňa ruhy täsir ediji ähmiýetiň berilmegi hem ýönelige däldir. Häzirki wagtda-da her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Türkmenleriň öýleriniň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan üzärlik ösümliginiň bir dessesini asyp goýmagynda uly many bardyr. Munuň özi derde derman bolan üzärligiň halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetimiziň bir bölegidigini görkezýär. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ýüze çykan ýiti sowuklama keseliniň öňüni almak boýunça ýurdumyzda zerur işler geçirilýär. Bu babatda ýurdumyzda tebigy bitýän ösümlik bolan üzärligi tütetmek uly ähmiýete eýedir. Üzärlik öýlerimizde, iş ýerlerimizde we adamlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde tütedilýär. Bu bolsa, üzärligiň dürli wiruslaryň we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda oňyn täsir edýändigi bilen düşündirilýär.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.