«ÝÜPEK ÝOLY » HALKARA RALLISI

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda «Ýüpek ýoly – 2023» halkara  rallisine badalga berildi. 15-nji iýulda bolsa däbe öwrülen halkara awtoralliniň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige 20-den gowrak döwlet gatnaşyp, olaryň arasynda türkmenistanly ekipažlaryň çykyşlary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Awtomobil sportunyň «T2» ralli-reýd görnüşi boýunça ýaryşlar awtosport söýüjileriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Geçen ýylda bu kysymly ulaglaryň ýaryşynda türkmen ekipažlary tutuşlygyna hormat münberini eýeläpdiler. Bu ýyl welin bäsdeş toparlar baýrakly orun ugrundaky esasy bäsdeşleri bolan türkmen sürüjileri bilen bolan bäsleşige ykjam taýýarlyk görüpdirler. Şonuň üçin hem turuwbaşdan baýrakly orunlar ugrunda gyzgalaňly göreş dowam etdi.

Ýewraziýanyň iň uly awtosport ýaryşyna gatnaşyjylaryň arasyndaky bäsleşik ýatdagalyjy wakalara baý boldy. «Nissan Patrol» awtoulagynda çykyş eden Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleri janköýerlerde we bilermenlerde ýenede uly täsir galdyrmagy başardylar. 9 tapgyrdan ybarat ýaryşda türkmenistanly türgenler üstünlikli çykyş etdiler. Netijde, awtomobil sportunyň «T2» ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyna wekilçilik edýän Merdan Toýlyýew (sürüji) bilen Şöhrat Toýlyýew (şturman) ybarat ekipaž 2-nji orny eýeledi (231 belgide çykyş etdiler). Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy (şturman Didar Orazmedowdan) bolsa ýaryşy 3-nji orunda tamamlady (232 belgide çykyş etdiler).

Ýük ulaglarynyň bäsleşiginde «MAZ» toparyna taý tapylmady. Şeýle-de, motosiklleriň, kwadrosiklleriň we beýleki ulaglaryň ýaryşlarynyň hem çekeleşigi ýetik boldy. Munuň özi «Ýüpek ýoly» ady bilen geçirilýän Ýewraziýanyň iň uly awtomobil ýaryşynyň halkara derejesinde abraýynyň artýandygyny we oňa bolan gyzyklanmanyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Bäsleşigiň janköýerlerde gyzyklanma döretmeginde türkmen sürüjileriniň hem mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny bellemek gerek. TÜRKMEN TÜRGENLERI «ÝÜPEK ÝOLY – 2023» HALKARA RALLISINDE BAÝRAKLY ORUNLARY EÝELEDILER

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR