TÜRKMEN EKIPAŽLARY «ÝÜPEK ÝOLY» HALKARA RALLISINDE

Türkmen ekipažlary«Ýüpek ýoly–2023»halkara rallisindäki çykyşlaryna başladylar.Halkara rallisi 6 njy iýul-da Tatarystan Respublikasynda badalga aldy.Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen«Ýüpek ýoly»rallisiniň şu ýylky syna milli ekipažlarymyzyň­üçüsi gatnaşýar.

 Bu ralliniň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly» rallisinden alyp gaýdýandygyny bellemelidiris. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Ýaryşyň öňüsyrasynda Tatarystanyň sebitlerinde geçirilen synag ýörişleri beýleki türgenler bilen birlikde, biziň ekipažlarymyza hem tehnikalaryny we ýaryşa taýýarlyklaryny synamak üçin möhüm mazmuna eýe boldy.

Halkara ýaryşyna 93 ekipaž gatnaşýar. Türgenleriň umumy 5241 kilometrlik menzili geçmegine garaşylýar. Bu menziliň 2277 kilometri ýokary tizlikde geçilmeli ýol bolup durýar. Halkara rallisiniň ýol ugry Russiýa Federasiýasynyň 13 sebitiniň çäginden geçip, Moskwada tamamlanar. Bu ralli 9 tapgyra uzar.

Türkmen ekipažlary bu halkara rallisinde ýeňişe dalaşgärleriň biri hasaplanylýar. Çünki biziň ekipažlarymyz geçen ýylky ýaryşda hem  ýokary netijelere eýe bolupdylar. Şol sebäpden hem, ildeşlerimiziň nobatdaky ýaryşda hem bu ýeňişli ýoly dowam etdirmegine garaşylýar. Ýaryşda Şamyrat we Muhammetmyrat Gurbanowlar, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler çykyş eder. Şol ýerde bolýan milli wekiliýete mehanikleriň birnäçesi agzalyk edýär.

Biz türkmen ekipažlaryna nobatdaky möhüm synagda uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

«Türkmen sporty».

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR