SPORTUŇ KÄBIR GÖRNÜŞLERINIŇ ADAM SAGLYGYNA EDÝÄN TÄSIRLERI

Maşk etmegiň we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň adam saglygy üçin peýdalydygy hemmelere ozaldan mälimdir. Lukmanlar sport bilen meşgullanmak üçin hiç haçan giç däldigine we islendik ýaşdaky adam üçin meşgullanyljak sport görnüşiniň bardygyna ünsi çekýärler. Esasy zat oňa islegiň we höwesiň bolmagydyr.

 

Pyýada ýöremek:

Günüň dowamynda belli bir aralygy pyýada ýöremegi gün tertibiňde endik edinmek her ynsanyň ruhuny göterýär, özüni ýeňil duýmagyna, iýmit siňdiriş agzalarynyň kadaly işlemegine oňyn täsir edýär. Pyýada ýöremek esasanam baglyk ýerlerinde, kenar ýakalarynda ýöremek adamyň saglygyna oňyn täsirini ýetirip, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Dürli ýaşdaky raýatlara pyýada ýöremek peýdalydyr.

 

Welosipedli gezelenç etmek:

Welosipedli gezelenç etmek adamyň gan aýlanşyny sazlaýar. Aýak myşsalarynyň işjeňligini artdyryp, ýadawlygy aýyrýar, şähdiaçyk edýär. Welosipedli gezelenç etmek arkaly adam bedeni taplanýar. Ünslülik, deňagramlylygy saklamak, ýeňil hereketlilik ýaly häsiýetler terbiýelenýär. Welosipedli ýola çykmak wagty tygşytlamakda we jemgyýetçilikde ekologik taýdan arassa howadan dem almaga mümkinçilik döredýär.

 

Milli oýunlary ýerine ýetirmek:

Milli oýunlary ýerine ýetirmek bilen her ynsanyň hereket işjeňligi artýar. Milli oýunlar halkymyzyň gadymy we milli ýörelgelerine esaslanýar. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli oýunlaryň görnüşleri çagalarda edep-terbiýäni, çalasynlygy, oýlanyşykly hereket etmegi, birek-birege bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň emele gelmegini, maksadaokgunlylygy, ugurtapyjylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Milli oýunlaryň ýene bir ähmiýetli tarapy ol çagalaryň milli ruhda terbiýelenmegine, ýaryş gurap oýnalýan oýunlarda ýeňmek we ýeňilmek düşünjelerine eýe bolmaga ýardam edýär. Milli oýunlar diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem ýaşulylaryň arasynda ýagny «Ýüzük bukdy» ýaly oýunlaryň ýerine ýetirilmegi agzybirligi, wagtyhoşlugy, dynç almaklaryna şert döredýär. Oýna gatnaşýanlaryň pikirlenmek we ýatkeşlik ukybynyň ýitmeginiň öňüni alýar.

 

Küşt oýnamak:

Sport görnüşleriniň biri-de küşt oýny. Küşt oýny bilen meşgullanýan türgen akyl taýdan giň düşünjeli, oýlanyşykly hereket etmäge ukyply bolýar. Küşt oýny bilen türgen ýaşlygyndan meşgullansa has gowy bolýar. Aň-düşünjesiniň ösmegine, kämil şahsyýet bolmagynda täsirini ýetirýär. Oýnuň tertibinde ýerine ýetirýän küşt göçümi onuň durmuş tejribesinde-de oýlanyşykly hereket etmegine mümkinçilik döredýär.

 

Internet oýunlary:

Häzirki wagtda tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi netijesinde ýaşlaryň arasynda has-da bu ugra gyzyklanma has-da artdy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, el telefonlarynda ýa-da kompýuterler arkaly ýaşlaryň arasynda dil öwrenmäge, dürli şekiller, suratlar arkaly psihologiki testleri çözmäge, dürli sport görnüşlerini oýnamaga mümkinçilikler bar. Bu oýunlar ýaşlaryň pikirleniş ukybyny, bilimini artdyrmaga ýardam edýär. Internet oýunlary oýnalanda bellenilen sagatdan dynç alyp durmaklyk maslahat berilýär.

Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR