ÝAŞ AGYR ATLETIKAÇYLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Özbegistan Respublikasynda jemlenen Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky (U17) Merkezi Aziýanyň açyk çempionaty türkmen ýygyndysyna ajaýyp netijeleri getirdi. Ýaryş Türkmenistandan başga­da, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkiýeden bolan ýetginjekleri bir ýere jemledi.

Ýygyndy toparymyzyň oglanlaryndan 67 kilograma çenli agram derejesinde başarnygyny synan «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçysy Didar bek Jumabaýew tapawutlandy. Silterläp 103 kg, itekläp 127 kg agyrlyklary boýun egdiren zehinli türgen iki görnüşiň netijesi boýunça 230 kilogram görkezijä eýelik etmegi başardy. Onuň bu netijesi kümüş medal bilen bellendi. 81 kilograma çenli agram derejesinde bolsa agyr atletika boýunça ýygyndy toparymyzyň türgeni, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň okuwçysy Galkan Rahmanow uly üstünlige ýetdi. Ol silterläp 120, itekläp 145,umumylykda bolsa 265 kilogram agyrlygy galdyrmagy başardy. Bu netije Galkany hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykardy.

 45 kilogram agram derejesinde Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 100-nji orta mekdebiň okuwçysy Şabnam Karimbaýewa gazanan kümüş medaly bilen begendirdi. Ol silterläp 54, itekläp 65 hemde iki görnüşiň netijesi boýunça 117 kg agyrlyklary galdyrmagyň hötdesinden geldi. Şabnamyň görkezijisi altyn medala hem diýseň ýakyn geldi. Ol ýeňşe Ýeten özbek türgeni bilen deň netije görkezdi. Emma ildeşimiziň şahsy agramynyň biraz agyr gelmegi onuň kümüş medal gazanmagyny şertlendirdi. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Maýagözel Hürmenowa 55 kilograma çenli agram derejesinde (silterläp 55, itekläp 65, umumy 120­kg) bürünç medala eýe çykdy. 71 kg-e çenli agramda güýjüni synan Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähriban Täçmyradowa (silterläp 60, itekläp 65, umumy 125 kg) kümüş medal eýeledi.

«Türkmen sporty»

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 131 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR