YLYM TÜKENMEÝÄN HAZYNA

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň innowasion ösüşini üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli başlangyçlary we goldawy esasynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde, arassa ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan  terbiýeçilik ähmiýetli işleri günsaýyn artyp barýar. Muňa milli Liderimiziň 12-nji iýunynda Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda belläp geçen sözleri hem doly şaýatlyk edýär. Maslahatyň barşynda Gahryman Arkadagymyz tölegli ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ýokary okuw mekdeplerini tapgyrlaýyn doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmegiň zerur bolup durýandygyny belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky” Permanyna gol çekmegi-de ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak babatda möhüm waka boldy. Şol maksatnamalaryň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylym we bilim binýadyny mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de berkitmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky maksatnamalary durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşi hem degişli edaralar bilen birlikde yzygiderli terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çärelerini geçirýär. Çärede çykyş edýänleriň her biri ylym-bilim ulgamyny pugtalandyrmakda alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Zübeýda GURTÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA