Milli Liderimiziň başlangyjy bilen hem-de üns-goldow bermeginde bina edilen ýurdymyzdaky ilkinji akylly şäher Arkadag şäheri şol geljegi nazarlanýan, baş nokadynda adamlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary baradaky maksat bilen badalga berlen iri taslamalaryň naýbaşysy diýip aýtmaga doly esas bar. Gadymy Oguz mekanynda gurulan Arkadag şäheri Watanymyzyň belent ösüşleriniň beýanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Şol netijeler esasynda Arkadag şäheriniň toý ruhynda açylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň, şeýle-de “Arkadag şäheri-Geljegiň şäheri” atly kitabynyň çapdan çykarylmagy bolsa, türkmen halkyny has-da buýsandyrdy. Erkana durmuşumyza guwanyp, buýsanyp ýaşamagyň we zähmet çekmegiň özi hem baky bagtyýarlykdyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Ogulsenem ÇALOWA,
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.