SAGLYK – BAŞ BAÝLYK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda etrabynda ýerleşýän hassahanasynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de işewür ýaşlar guramasynyň agzalarynyň arasynda “Sagdynlyk maşgalanyň döwleti” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramakdaky, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bolmagy baradaky sargytlaryny berjaý edip, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn, halkyna, Watanyna, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe jemgyýetimiziň her bir raýatynyň saglygy hakynda alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA