Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda, ýurdumyzyň körpe nesilleriniň aladasyny hiç üns merkezinden düşmeýär. Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilimli, we sowatly, ruhy ahlak taýdan arassa bolmaklary üçin, döwlet tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär. Ýaşlaryň arzuw isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrap Bilim bölümi, şeýle-de Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen guramaklarynda, Bäherden şäherindäki “Akja kepderi” atly 4-nji Çagalar bagynda, Sportyň ýeňil atletika görnüşi boýunça “Kim çalasyn” ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň emin agzalar topary etrabyň Sport mekdebiniň tälimçilerinden düzüldi. Ýaryşda Çagalar bagynyň uly toparlaryndan körpeler saýlanyp alyndy. Saýlanyp alynan toparlara atlar dakylyp, olaryň biri “Türgen” beýlekisine bolsa “Galkan” topary diýlip atlandyryldy. Bäsleşik sportyň ýeňil atletika boýunça, alty görnüşi esasynda geçirildi. Ýagny bäsleşigiň şertinde 50 metr aralyga ylgamak, bökmek, tanapdan çekinmek, pökgüni bellenilen aralyga zyňmak we gapmak, bellenilen päsgelçiliklerden geçmek, ýaly şertler esasynda, bäsleşik dowam etdi. Bäsleşigiň şerlerini dogry we dürs ýerine ýetiren topar, ýarşyň öňde baryjy orunlaryna saýlandy. Gyzykly we çekeleşikli geçirlen bäsleşikde “Türgen” topary, “Galkan” toparnyň görkezen netijesinden has tapawutly bolup, bäsleşigiň birinji ornuna saýlanmagy başardylar. Şatlykly we şowhunly geçen “Kim çalasyn” atly sport bäsleşiginiň ahyrynda, iki toparda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan körpeleri kanagatlandyrýan gymmat bahaly sowgatlar, dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sowgat alan körpeler, özleri üçin ähli taraplaýyn edilýän aladanyň şanyna we hormatyna, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarmyza bir agyzdan uly buýsanç bilen, alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.