Häzirki wagtda ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Türkmenistan ýurdumyzda işlemek üçin eden işiň rehnedini görmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn. Tomusky dynç alyş möwsümde ulydan-kiçi ähli adamlar öz saglyklaryny berkitmek üçin dynç-alyş we sagaldyş merkezlerine gidýärler. Çagalar üçin ýurdumyzda birnäçe çagalar sagaldyş we dynç-alyş merkezleri, ulylar üçin şypahanalar we Awaza dynç alyş merkezleri hyzmat edýär. Bu merkezlerde döredilen mümkinçilikler her bir raýatyň islegini ýokary derejede kanagatlandyrýar. Ýurdumyzyň bu ajaýyp künjeklerinde dynç almak her bir çaganyň we uly adamlaryň arzuwyna öwrüldi. Çünki bu ajaýyp künjeklerde dynç almak adamyň göwnüni galkyndyrýar. Saglyk babatda aýdylanda bolsa şypahananyň lukmanlary ýurdumyzda ýetişýän tebigy dermanlyk ösümlikleri peýdalanýarlar we Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny eýerýärler. Bu döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize sag bolsunlary çäksizdir. Ähli babatda bize ýol ýörelge bolaýan Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen halkyny şeýle eşretli zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Leýli ÇARYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.