ENE SÖÝGÜSI

Çaganyň dünýä inenden soň ilkinji duýan duýgysy enäniň berýän gyzgyn mähri bolup durýar. Ene mähri siňip ulalan çaga ýaşynyň näçeligine garamazdan, nirede bolsada, şol mähribanlygy küýseýär. Ene öz çagasyna özüniň gyzgyn mähirni, söýgisini entäk sallançakda ýatan wagty öz ene hüwdüsi bilen siňdirýär. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin ene iň mähirli mukaddes ynsandyr. Türkmen halky iň mukaddes zatlary enä deňeýär. “Ene dili”, “Ene toprak”, “Ene mähri”. Türkmen zenanlarymyzy özleriniň paýhaslylygy, gaýratlygy bilen tanaýarys. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanymyzda türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna guwanýarsyň.

Eziz diýarymyzyň asuda ýaşaýşy, durmuşymyzyň ilkinji nobatda enelerimizi begendirýär. Ene üçin eziz balasy ulalandan soň hem çaga ýaly bolup görünýär. Ene elmydama ganatlaryny gerip öz balasyny ähli bela-beterlerden goramaga çalyşýar. Ýurdumyzda başlaryň täjine deňelýän eneler mukaddeslik saýylyp, elmydama tagzym edilýär. Biz ene-mamalarymyzyň çäksiz söýgüsini her ädimimizde duýmak bolýar. Enelermiziň gyzgyn mähri däp-dessurlary biz ýaşlara uly görelde mekdebi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabyny eliňe alyp okanyňda hem Enäniň mukaddesliginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

 

Guwanç ALLABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA