SAGLYK-JEMGYÝETIŇ BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK BAÝLYK

Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Arkadagly Serdarymyz adamyň ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagynyň saglyga oňaýly täsir edýändigi hakyndaky ajaýyp pikiri öňe sürýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga kömek edýär. Sagdynlyk, berk bedenlik, sagdyn durmuş ýörelgesi-bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömriniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk jemgyýetiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Sporty gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy, durmuşa bolan höwesi, söýgini artdyrýan egsilmez güýç hökmünde bahalandyrýan hormatly Prezidentimiziň milli sportumyzy ösdürmekde hem wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Umuman, sport bilen hünär derejesinde meşgullanmasaň-da, bedenterbiýäni gündelik hemra edinmek saglyk üçin diýseň peýdalydyr. Güniň dowamynda 30-45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syry hasaplanýar. Çünki, fiziki agram bedeniň berkemegi, bedenden zyýanly maddalaryň bölünip çykmagy üçin peýdalydyr. Sport we beden taplama bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň ýokanç kesellerden goranmak ukyby ýokary bolýar. Mundan başga-da, iýmitlenmek bilen bir hatarda pasyllara görä geýinmek hem möhüm şertleriň biri bolup durýar. Biz halkymyzyň, jemgyýetimiziň saglygy hakynda edýän uly aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Kakamyrat NURBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Öňki makala

ENE SÖÝGÜSI

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA