ÜZÜM MIWESINIŇ PEÝDALARY

Ähli oba hojalyk ekinleriniň içinde adama iň köp peýda getirýän we zähmetine sahylyk bilen jogap berýän üzümdir. Ol adam saglygynyň we kuwwatynyň gözbaşy hasaplanýar. Türkmenistanda üzüm sortlarynyň ençemesi ekilýär. Şol üzüm sortlary daşky gurluşuna tagamyna reňkine hem-de ösýän ýeri bilen baglanşykly dürlüçe atlandyrylýar. Gadymy Ahal topragy özüniň täsin tebigy gözelligi bilen has gadymy wagtdan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Türkmen güneşiniň çogly nury bilen ýetişýän üzümler halkymyzyň iň oňat görýän önümleriniň biridir. Üzüm şiresinde adamyň kadaly ýaşamagy üçin gerek bolan mineral maddalar we mikro elementler jemlenendir. Görnüşine we ösen şertlerine baglylykda üzümiň miwelerinde 14-25% ereýän we bedende ýeňil özleşdirilýän şekeriň görnüşi bolan glýukoza we fruktoza saklanýar. Olardan başga-da üzümiň düzüminde biraz mukdarda saharoza, rafinoza, ksiloza we beýleki şekerler we şekere meňzeş maddalar bolýar. Zähmetden paýhasdan we Günden  dörän bu ajaýyp miweleri halamaýanlar az bolsa gerek. Üzüm miwelerinde kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, marganes, alýumini, fosfor kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B, С, P,PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar.

 

Şirinjemal AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA