Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan deňsiz-taýsyz üstünliklerini we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerini, ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleriň ähmiýetini, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek esasy maksadymyz bolup durýar. Şeýle maksat bilen Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde Tejen etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar» diýen şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarymyz gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünlikleri dogrusynda belläp, şeýle ösüşlerimizi dünýä ýaýmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle hem milli döwletlilik ýörelgelerine daýanyp, kämil döwlet gurmakda, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda täze derejelere ýetilendigi barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda bolsa şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýanlygymyz üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.