ADAMLARYŇ HEM KÖMÜR KYSYMLYSY BOLÝAR

Adamlaryň içinde hem kömür kysymlysy bolýar — olar öz-özlerinden tutaşmaýarlar. Günüň ýanyşyna — ýalkym saçyşyna gussaly bahyllyk bilen garap, harsaň daş bolup garalyp ýatýarlar.

«Ýanmagy nädip başarýarka? Ony tutaşdyran kimkä? — diýip, kömür öz ýanyndan agyr-agyr oýlara batýar. — Men näme üçin ýanmaýarkam? Belki, indi maňa alawlamak asla-da başartmaz?! Belki-de, men toprakdyryn? Beýle bolsa, onda näme üçin maňa ot bitmeýärkä? Mümkin, men ýönekeý bir boş jynsdyryn? Özgäniň mährini — ýylysyny küýseýän bolsam, belki-de, men ýaradylyşym taýdan zyýankeşdirin? Özgelerden oda garaşýanmy, eýsem? Ýok! Beýle bolmaly däl! Men süňňümdäki ody duýýaryn, ýöne ol häzirlikçe görnenok...»

Şeýle ýagdaýda millionlarça ýyl geçýär, onsoň öz oduna bolan ynamy saklap bilenler, içki ataşy tarapyndan çoýulyp duranlar — kem-kemden kömre öwrülýärler.

Ynamyny ýitirenler bolsa, öli jynsa öwrülýärler.

Günlerde bir gün kömre bil baglaýan, onuň ýylysyna mätäç hem dag jynslaryny tapawutlandyryp bilýän adamlar peýda bolýarlar. Olar kömri tapýarlar-da, ony janly oduň ýanyna eltýärler. Kömür oda begenç duýgusy bilen bakýar: ol otda öz ömrüniň düýp manysyny görýär. Ot hem kömre mähir bilen garaýar.

Olar ahyrsoňy tapyşanlaryndan soň bolsa, oda bolan mährinden ýaňa kömür birden alawlap tutaşýar. Oda topulýar, oňa gatylmak bilen bolsa, özem oda öwrülýär. Biziň görýän ataşymyz olaryň mährinden emele gelen alawdyr. Onda kömür töwerekdäki zatlara ýylylyk hem ýagtylyk eçilip ýanýandyr. Olar şeýle bir alawlaýarlar welin, olaryň mährinden ýaňa hatda demir hem ýumşap, eremek bilen bolýar, täze-täze keşplere eýe bolýar. Şeýle bir ýanýarlar welin, gyşda sowukdan ýaňa titräp duran adamlar emele gelen oduň daşyna egele bolýarlar, çoýunýarlar hem-de minnetdarlyk hökmünde mähir bilen olara tarap ellerini uzadýarlar.

Kömür bolsa gidýär, küle öwrülip gidýär, bakylyga, oda siňip gidýär. Emma hatda kül hem onuň şöhratyny hakydasynda saklar.

Goý, her bir kömür öz oduny tapsyn hem kimdir biri üçin ot bolsun!

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR