TILKÄ MEŇZEJEK BOLMA!

Bir adam tokaýda gezelenç edip ýörkä bir agsak tilkä sataşypdyr. Şeýle ýagdaýda-da onuň nädip ölmän ýörenligine geň galyp, tilkä ymykly syn etmegi ýüregine düwüpdir. Basym ol agzyna ullakan lukma et alyp, sümme tokaýdan çykyp gelýän ýolbarsy görüpdir. Ýolbars etden biraz bölegini iýipdir-de, galanyny tilkä goýupdyr.

Bu ýagdaýy synlap duran adam geň galypdyr we «özümi şol tilki ýaly alyp barsam, Ýaradan onuň ryskyny ýetirişi ýaly, meniňem ryskymy berer» diýen netijä gelipdir. Ol aşak oturypdyr-da, garaşmaga başlapdyr. Esli wagt geçipdir, emma üýtgän zat bolmandyr. Adam barha tapdan düşüp, egbarlap başlapdyr. Ahyry halys ysgyndan gaçyp, ýerinden galyp bilmez ýaly hala ýeteninde, bir owaz eşidilipdir: «Sen agsak tilki däl-de, güýçli ýolbars boljak bol. Şonda özüňem hor bolmarsyň, özgelerem hor etmersiň».

 

“NAŞYJA SOWGATLAR” atly kitabyndan.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR