TÜRKMEN HALYSY – NEPISLIGIŇ SUNGATY

     Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan merdana halkymyz dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşup, maddy we ruhy mirasyň ençeme görnüşlerini döredipdir. Olaryň içinde ajaýyp halylarymyz aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

     Milli baýlygymyz hasaplanýan nepis halylarymyzyň birnäçe görnüşleri bolup, olaryň hersiniň özüniň ulanylýan ýerleri bolupdyr. Olar:

     Asmaly-toý güni düýäni bezemek üçin ulanylýan haly. Bu haly bilen gelniň münýän düýesi bezelýär.

     At haly-atyň arkasyna atylýan haly.

     Germeç-eňsiniň daş ýüzünden öýüň bosagasynyň bezegi üçin ulanylýan haly önümi.

     Düýe dyzlygy-toý günleri düýäniň öň aýagynyň dyzyny bezemek üçin ulanylýar.

     Iklik-ik we ikbaş saklamak üçin ulanylýan haly önümi.

     Kejebelik-toý güni kejebäni bezemek üçin ulanylýan haly önümi.

     Torba-gap-gaç we ownuk zatlar üçin niýetlenen haly önümi.

     Ümürduman-öýüň içini bezemek üçin ulanylýan haly. Olar öýüň tüýnügini saklaýan uklaryň uçlaryna berkidilýär.

     Horjun-ýolda-yzda götermek we ownuk zatlar saklamak üçin niýetlenen haly önümi.

     Uk ujy-göçülende ulanylýan haly, ol öýüň uguna geýdirip daňylýar.

     Çuwal-geýim we öý goşlaryny saklamak üçin ulanylýan haly.

     Eýerlik-atyň eýerine dakylýan haly önümi.

  Şular ýaly, haly we haly önümleri “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýanyndaky Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde hem saklanýar. Bu önümler ýerli raýatlaryň, şeýle-de daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Nepis halylarymyz hakyndaky şeýle maglumatlar bu milli gymmatlygymyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar.

 

Gülnur REJEPOWA,

Daşoguz welaýatynyň “Köneürgenç” taryhy-medeni

döwlet goraghanasynyň hünärmeni,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR